1995-nji ýylda “Sun Microsystems” tarapyndan döredilen Java programma diliniň ady bilen baglanyşyklydyr. Ilkibaşda bu programmany döredijileriň biri – Jeýms Goslingiň ofisiniň golaýynda ösen agajyň hormatyna “Oak ” diýmekligi meýilleşdirildi, ol “dub” diýmegi aňladýardy. Şeýle-de bolsa, Indoneziýa adasynda ösdürilip ýetişdirilýän, Goslingiň gowy görýän kofesiniň hormatyna bu at “Java”(Ýawa) diýlip üýtgedildi. Aslynda programmirleme dili kabel gutular we göçme enjamlar üçin döredilipdi, ýöne soňra Bütindünýä Kerebinde maglumat ýaýratmak üçin ulanyldy. Java indi ähli ugurlarda ulanylmak bilen, üç milliard töweregi enjam onuň bilen işleýär.
Diňe programmirlemä täze başlanlar we programmist däl hünärmenler “Python” diliniň ady süýrenijilerden gelýär öýdýän bolsa gerek. Aslynda, “Python” -yň esaslandyryjysy Gwido wan Rossum özboluşly, birneme syrly we ýatdan çykmajak at tapmak isledi. Python işlenip düzülen mahaly, Gwido 1970-nji ýyllardan bäri BBC-de görkezilen “Monti Paýtonyň uçýan sirki” komediýa seriýasynyň neşir edilen ssenarisini okaýardy. Inede, Gwido wan Rossum işleýän dili üçin dogry söz tapdy.
C++ dili programmirleme dilleriniň ösüşi bilen gyzyklanmaýan Bern Straustrup tarapyndan işlenip düzüldi. Ol mikroprogramma, operasiýa ulgamlary we kompýuter arhitekturasy bilen gyzyklanýardy. Şeýle-de bolsa, Bern Kembrij uniwersitetinden soň Bell Labs-da işlän döwründe täze C ++ dilini işläp düzdi,ol ilki “C with classes” diýip atlandyryldy. “C++” adyny Rik Mesçitti oýlap tapdy. “++” C dilinde artdyryjy operator diýmekligi aňladýardy we C++-yň adaty C-den has artykmaçlygyny aňlatmak üçin goýlupdy.
Microsoft kompaniýasy Net platformasynda ulanmaklyga ene dilini döretmek üçin C diliniň sintaksyny saýlady (C #). C Sharp ady saz notasy bilen baglanyşykly. Göçme manyda Latyn C harpy do notasyna gabat gelýär, ýiti sözi bolsa (iňlis dilinde sharp) sesiň ýarymton bilen ýokarlanmagydyr. Şeýle usul bilen, işläp düzüjiler öňki diliň has-da gowulandyrylandygyny görkezmek isledir. Ýiti sözi üçin klawiaturada belgilemäniň ýoklugy üçin gözenek belgisi ulanylýar.
Laçyn Mirabowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy
Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!