Nätanyşdy ýowuzlyk, gazap ýaly söýgä garşylykly ýakymsyzlyklar bilen. Ilkinji gezek çaga duýgylary bilen söýen mähriban ejesinden duýupdy olaryň ýakymsyz tagamyny. Mekdebe ilkinji gezek gelende özüni ýatdan çykmajak ýylgyryşy bilen kabul eden mugallymyny perişde diýip tanaýardy. Ýöne onuň hem sähelçe ýalňyşy üçin sebäbi bilen gyzyklanman hemmeleriň öňünde utandyrmagy ýadyndan çykmajak ýatlamalaryndandy. Onuň üçin geňdi özüniň gowy görmesine garşy bu ýakynlarynyň söýginiň kadasyndan çykyp garşylyk bermegidir. Öýkeländir öýtdiler Onuň ýüz sowup oturanyny görenler. Ýöne Ol düşünmek isleýärdi olaryň beýle dözüwsiz eden hereketleriniň sebäbine. Ol bilmelidi özüni zyýanlardan goramak üçin ony aşa söýýänleriň söweş donuna bialaç bürenjekdigini we bu goragy ýumşaklyk bilen hem amala aşyryp boljakdygyndan bihabardygyny olaryň. Hat-da kysmatyň özi hem öňündäki duzaklardan goramak üçin oňa badak atjakdy.
Bu zatlar başlangyjydy söýgi ýolunyň. Geljekde ýiti söýgüsi bilen ynsanlara garşy eden hereketleri nädogry kabul ediljekdi. Olaryň bähbidini özüniňkiden has ýokary tutjakdygyna, olara ýekeje diken batmazlygy üçin endamyna tyg sanjylmasyna razydygyna garamazdan hereketleriniň içinde başga many gözlejekdiler. Gerek ýerinde tamakinlik etmek, özlerini peýdalanmak üçin ýerine ýetirýändir öýtjekdiler söýgüniň ,,Adamkärçilik” talaplaryny ,,Kömek goluny uzatmak” borjuny. Ejiz gollaryny gyra uzadyp adamlara söýgi bilen gujagyny açanda garşysyndakylar gorag galkanyny aljakdy oňa garşy. Söýgüniň diňe berilmelidigi, islenilmeli däldigini garşylygyna we söýgi menziliniň ilkinji ädimleri hemmeleri garşylyksyz hormatlamakdygyndan bihabardygy üçin ganaty gyryljakdy göýä. Netijede gijem bolsa bu awunmalaryna özüniň günäkärdigini biljekdi. Özüniň we eden hereketleriniň gymmatyny kimdir biriniň garaýyşyna, çemeleşişine görä kesgitlemegi onuň ýalňyşydy. Ilki bilen özüni söýmelidi. Geň eşidiljekdi ,, Özüňi söýmek” sözi Özüni unudan aklyna. Beýlekilerden üstün taraplaryny görmekligi, özüni bolşy ýaly kabul etmekligi, gymmat baha eser ýaly aýawly, sylagly çemeleşmegi başarmalydy söýmek üçin ol unudylany. Şeýle edeninde söýgi gutusy hemişe doly durjakdy başgalaryň ony söýmegine zerurlyk galmajak derejede. Söýgi şalygyna girmek isleýänlere goýulýan şertdi – özüňi söýmek.
Başgalaryny diňe özüňi söýmek sungatynda kämilleşeniňden soň dogry söýüp bilersiň. Başgalarynyň ýüreklerine diňe özüňe ýüregiňi açanyňda girip bilersiň.
(Robin Sharma)
Hemem onuň ynjan kalbyndan söýgi we agzybirlik has gymmatlydy. Şonuň üçin özüniň sylanmak islegini söýgüden soňda goýmalydy. Ýene-de Ol kämil şekilde ýaradylan gözüň hem artykmaç şöhlede görmek ukybynyň peselýändigini we bu sebäpden zerur ýerinde söýgüsiniň derejesini peseltmelidigini öwrenmelidi.
Bedeniň sazlaşygy dogry bolmadyk ýagdaýynda süýji balyň hem ol beden üçin zähere öwrülişi ýaly, ähli barlyklary öz içine alyp biljek derejedäki söýgüsi hem gaýgy – gam, sanjyly bir dert şekiline bürenjekdi onuň üçin, haçanda söýgä mynasyp bolmadyk, geldi geçer, wepasyzlara sarp eden wagty. Gün geljekdi ol özüniň Söýgi atly ýaragyny taşlap Ýigrenç atly duşmanyna boýun egmek islejekdi. Ol düşünmelidi bir ynsana garşy içgi dünýäsinde dörän gaharyny başgalardan çykarmaklygyň ejizlik we manysyzlykdygyna. Edil günüň batmasynyň tümlüge sebäp boluşy ýaly, söýgüniň ýitmesi hem bu ýaşaýyşyň lezzetsizleşmesine, göýä söweş meýdanyna öwrülmesine başlangyç boljakdy. Çünki dünýä atly binany söýgi saklap durdy sütün bolup. Ol göze görünmez bir bagdy, gözi dürli bahanalar gözläp bir–birekden uzaklaşmakda bolanlary baglaýan.
Söýgi näme diýlip soralsa özi bilen diňe wagtyny gowy geçirmek maksady bilen mylaýym çemeleşýänler we olaryň ýasama ýylgyryşy geljekdi aklyna. Her bir ýüzüne ýylgyrýan özüne bolan gowy duýgusy bilen ýylgyrýar pikirinde boljakdy. Sebäbi oňa öwredilmändi heniz özinde bolan söýgüden gözbaş alýan ýylgyryşyň başga görnüşleriniň hem bardygy. Kimisi üstünden gülüp, käbiri etjek geplerini ýadyna salyp syrtarjakdy. Aslynda bolsa söýgi bu– ynsanyň IÇGI DÜNÝÄSINIŇ, AKLYNYŇ özüni hemişe söýüp we aladasyny edip biljek, ýalňyşanda ony taşlamajak we ynjytmajak, çemeleşmelerinde ýasamalyk bolmadyk, söýülmeklige mynasyp birini gözlemegi, islemegidi. Şonuň üçin Ol öwrenmelidi hakyky söýgülisini tapmaklygy, aýnalardaky ýalpyldylara aldanman olara yşyk berýän güneşe tarap ýüzüni öwürmekligi. Çünki Ol aýnalar çala bir sebäp tapsa döwülmeklige höweslidi. Endama degende agyry berýän toprak üstündäki dikenlere garşy ýönelen söýgüsiniň ýüzüni mukaddes topragyna, eziz ýurduna öwürmekligi başarmalydy.
Eşitmek bir ukypdy Oňa berilen. Bu ukybyň ugruny üýtgetmekligiň hötdesinden gelýärdi. Maşgalasynyň gepleşigini diňläp duran wagty eger islese saz diňlemeklik bilen meşgul bolýardy. Bir gün bu hasratlaryň gutarmasyny islände, söýgüsini hem dogry salga gönükdirmeli wagty geljekdi. Söýgüsine üns berilmezlikden emele gelen boşlugyň öwezini käbesiniň mähri bilen doldurjakdy. Äsgermezlik edilen gatnaşyklaryň açan ýarasyny Kyblasynyň onuň bähbidini hemme zatdan ýokary tutmaklygy bilen melhem etjekdi.
Garşysynda ony söýýänler ýeterlikdi. Hat-da söýgülerini duýurmalary üçin sergileýän hereketleri, alamatlary hem kemsizdi. Barça kem Ondady. Äsgermezlik nazary bilen garaýardy bu yşaratlara. Emma söýgüniň serhedi daralyp, ýüregini gysdyryp başlanda töweregindäki islendik zatdan söýgüni gözlejekdi.
Saplan gussaňdan eý wepasyzlyklardan doýgun, başgalardan eden tamasy çykmadyk,Umyt! Ýanlarynda seniň ölçenmez gadyr – gymmatyň bolanlar, hakyky söýülmeklige mynasyplar garaşýarka saňa, bu duralgada düşleme. Eger hakyky söýgä duşurmajak bolsady, bermezdi saňa Ykbal beýle islegi. Begen gynanmaklyga derek, hut söýgi wekiliniň özi seni şeýle sözler bilen gutlaýar:
Araňyzdaky bu söýgi şeýle bir alawlap ýanypdyr…Emma araňyza bir tow düşüpdir… Hat-da bu duýgyňyz azajyk wagtyň synagyndan geçip bilmändir. Sähel şata döz gelmän dessine çat açýan söýgüni bütin ömrüňe nädip ýetirip bilerdiň? Ot öçüpdir emma sen henizem şol yşka perwana deý özüňi urmak isleýärsiň, ýöne durmuşyň bu ýerdäki hikmetine düşün, PERWANANYŇ (kebelek) ÝAŞAMAGY ÜÇIN ŞOL ODUŇ ÖÇMEGI ZERUR…Perwana janly-jandarlaryň içinde gözi iň ejiz haýwanlaryň biri. Ol daş töweregindäki tümlükden gorkup, ýanyp duran ody ýagtylyga çykalgadyr öýdüp, özüni şoňa urýar…Söýgüde ýalňyşyp, soňundan ahmyra galanyňdan, soňy ýok zat öňünden sowulsa gowy dälmi näme?
(Rahmet Gylyjow)
We eý söýgüsini tapan we ony ýitirmekden gorkýan, Ýürek! Içi gyzgyn suwly gabyň daşky görnüşine gowuşmak üçin çarpynýan çaga mysaly ýagdaýyň. Zyýanlydygy sebäpli uzaklaşdyrar ene öz çagasyny aglamasyna, gynanmasyna garamazdan ol gyzgynlykdan. Edil şonuň ýaly tapan söýgüňde saňa syrly zyýanlyklar bar bolsa, daşlaşdyryljaksyň söýgi kanuny esasynda. Senden uzaklaşaýsa eger söýgiň, nähili hallara düşjegiňi hiç kim göz öňünde janlandyryp bilmez. ,,Söýgülimi ýitirdim” diýersiň göz ýaş bilen. Ol gynanjyňa garşy bir ses geler söýgüden:
Söýen biri her dürli ýoluny tapyp ýanyňyzda galar. Käbir ynsanlaryň gitmekleri täze bir başlangyçdyr ynsana. Sähelçe näsazlykda gitmek üçin gapa ýönelen däl, meseleleriň içinde siz bilen çözüm gözleýän ynsanlar bolsun durmuşyňyzda…Sizi ýitirmek we sizden daşlaşmak isleýän her kişä ýol beriň. Çünki käbirleri özlerine ýol berilmesini, gözel bir ýürek berilmesinden has gowy görýär.
(Miraç Çagrı)
Unutma, eger tersine peýdaly bolsa ol söýgi saňa, bir enäniň zerur zady çagasy islemese-de berişi ýaly, sen ýüzüňi sowup, gitmegini isleseňde gitmez ýanyňdan.
Söýgüni sebäp edip dertlenme eý gymmaty ölçegsiz, söýgüsi çäksiz we soňsuz, Söýgüli ! Bu dünýä seniň bagtyň üçin barlykda.
Süleýman Aýmämmedow
Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň talyby
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!