JEMGYÝET

Pagta ýygymy badalga aldy

9-njy sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi, ýagny pagta ýygymy badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda başlanar.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça işlenilip taýýarlanylan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandy üpjün edýän ähmiýetli pudakdyr. Ýurdumyzyň toprak-howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly ýagdaýy döredýär.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde geçen ýyl “John Deere 9970” kysymly kombaýnlaryň 300-si gelip gowuşdy. Pagta ýygymynyň başyna çenli bolsa şeýle maşynlaryň ýene-de 300-si getirildi, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde synagdan üstünlikli geçdiler.

Sebitlerde pagta-dokma toplumlaryny kemala getirmek ugrundaky işler dowam edýär. Häzir Ahal welaýatynda täze senagat toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şol toplumlaryň her biri inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan kärhanalar “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügi, matalary we taýýar tikin önümlerini öndürer.

620 MÜŇ GEKTARA GOWAÇA EKILDI

Şu ýyl gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 620 müň gektara çenli giňeldildi. Bahar paslynda şunça ýere gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-144”, “Serdar”, “C-4727”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “C-2606”, “Ýolöten-14” orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 1 müňüsi we “MX-1.8” tirkegli pagta ýygyjy maşynlaryň 500-si, çig maly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 2 müň 370-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 714-si ulanylar.

Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy