DÜNÝÄ

Ilkinji zenan kazylar

Kuweýt döwletiniň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryna ýurduň taryhynda ilkinji gezek 8 zenan kazy bellendi. Bu barada “Le Figaro” neşiri habar berýär.

Bu zenan kazylar Ýokary kazyýetiň düzümindäki 54 kazynyň hataryna girýär.

Mälim bolşy ýaly, kuweýtli zenanlara 2005-nji ýylda ses bermek we saýlawlara gatnaşmak hukugy berildi.

Şeýle hem 2005—nji ýylyň iýunynda Massuma al-Mubarak ýurduň ilkinji zenan ministri boldy. 4 ýyldan soňra zenanlar Kuweýtiň parlamentiniň düzümine saýlanyp başlady.

 

Related posts

40 günlük bag ekmek çäresi yglan edildi

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary bilen

vepa