BILIM

Türkmen alymlary tarapyndan 346 ylmy iş alnyp barylýar

2020-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ileri tutulýan ugurlar boýunça ylmy işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, 668 golýazma seredildi. Bu barada wise-premýer P.Agamyradow geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirildi, onuň jemleri boýunça ýaş alymlaryň we talyplaryň 46-sy ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de baýraklar bilen sylaglanyldy.

Ylymlar güni mynasybetli wideomaslahat görnüşinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi, onuň işine dünýäniň 22 ýurdundan 92 alym hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim edaralaryndan 816 alym gatnaşdy.

Related posts

105 ýaşynda Stenford uniwersitetiniň magistri boldy

Daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar