BILIM

Inženerler orta mekdeplerde taýýarlanyp başlanar

Türkmenistanyň bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri orta mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurly synplary açmak baradaky meseläni öwrenerler. Şeýle synplar ýurdumyzyň orta mekdeplerinde ýakyn ýyllarda dörediler.

Bu başlangyjy geçen hepdäniň anna gününde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow orta atdy. Has takygy, mejlisde döwlet Baştutany ýaşlaryň mekdep ýyllaryndan başlap, dürli tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek, bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň giňeldilip okadylmagyny guramak üçin netijeli çäreleriň görülmelidigini belledi. Orta mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurly synplary açmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin örän zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Related posts

In­fo­kom­mu­ni­ka­si­ýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi: okuwa kabul edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen raýatlaryna Russiýada bilim almak üçin wiza ýeňilligi

2026-njy ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy