JEMGYÝET

Mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli dowam eder

Türkmenistandaky mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

Wise-premýer Ç.Gylyjow bu Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna şu ýylyň 10-njy awgustyndan paýtagtymyzda we welaýatlarda jemi 410 nokatda mekdep harytlarynyň göçme söwdasynyň guralandygyny habar berdi. Mekdep ýarmarkasyny 5-nji sentýabra çenli dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Ozal hem habar berlişi ýaly mekdep bazarlarynda okuw esbaplary we lybaslarynyň göçme söwdasy guralýar. Şeýle göçme söwda Türkmenistanda her okuw ýylynyň bosagasynda asylly däbe öwrüldi.

Related posts

Döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Ata Watan Eserleri

Edward Lidskalniniň merjen galasy

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri