SPORT

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler.

Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş edip gelýär. Topar üçin jemi 133 oýun oýnady we 8 pökgi geçirdi. Futbolçy “Ýuwentus” toparynyň düzüminde çykyş eden döwründe  ýurduň kubogy we Super kubogyny alandan soň, üç gezek Italiýanyň çempiony bolmagy başardy.

33 ýaşly ýarymgoragçynyň karýerasyny Deýwid Bekhamyň “Inter Maýami” toparynda dowam etdirjekdigi habar berildi.

Related posts

Küşt boýunça dünýä çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler

Mişel Platini futbolçylaryň sanyny azaltmagy teklip etdi

Ronaldoly “Ýuwentus” ýeňildi