BIZNES

TNGIZT edarasyna baş direktor bellendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Gurbangeldiýewiç Çişiýew Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Batyr Amanowy başga işe belläpdi. Batyr Amanow döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi.

Şondan bäri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktorynyň wezipesi wagtlaýynça bu toplumyň baş inženeriniň üstüne ýüklenipdi.

Häzir bolsa, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna täze ýolbaşçy bellendi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýurdumyzyň iri nebitgaz desgasydyr. Bu ýerde nebitiň we tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde, köp sanly daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan önümler öndürilýär.

Häzirki wagtda bu toplumda benzin, awiasiýa we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyjy, ýangyç ýagy, çalgy ýaglary, polipropilen, ýyladyş ýagy, ýeňil gaz ýagy, nebit elektrod koksy, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy we beýleki nebithimiýa önümleri öndürýär, bu ýurduň eksport mümkinçilikleriniň esasyny düzýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy