SPORT

Henderson – “ýylyň futbolçysy”

Angliýanyň futbol žurnalistler birleşigi tarapyndan “Premýer Liganyň” çempiony “Liwerpul” toparynyň kapitany Jordan Henderson “ýylyň oýunçysy” diýlip yglan edildi.

Angilýanyň futbol žurnalistler birleşiginiň aýtmagyna görä, 30 ýaşyndaky iňlis futbolçysy 500-den gowrak žurnalistiň gatnaşmagynda ses berlişik dabarada bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, “Ýylyň oýunçysy” diýen ada mynasyp boldy. Bu şatlykly hoş habar, oýunçynyň futbola bolan höwesini has-da artdyrdy.

Bu möwsümde “Liwerpul” toparynyň lybasynda çykyş eden Handerson 40 oýuna gatnaşyp, dürli zolaklardan 4 sany topy tora geçirmegi başardy. Jordan Hendersonyň indiki möwsümlerde hem şeýle üstünlikli çykyş etmegine garaşylýar.

Related posts

Ronaldo saud toparyna barha golaýlaýar

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Türkmenistan Halkara Tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişer