BIZNES

TOPH gaz geçirijisi: Pakistana günde 35 million kubmetr gaz berer

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meýilnamasy işlenip düzüldi we 3-4 ýylyň içinde durmuşa geçirmek mümkinçiligi bar. Şol geçiriji arkaly her gün takmynan Pakistana 35 million kubmetrden gowrak tebigy gaz ibermek bolar.

Bu barada Pakistanyň nebit ministri Musadik Malik Pakistanyň energetika maksatlary boýunça ýolbaşçylaryň forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Pakistanyň metbugatynyň berýän habaryna görä, Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegi üçin hiç-hili meseläniň ýokdugyny belledi. Ol Pakistanyň energetika islegini kanagatlandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem forumda Pakistanyň nebit importy baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Pakistanyň nebit ministri Musadik Malik Türkmenistanda saparda bolupdy.

Related posts

Halkara Yslam Korporasiýasyndan maýa goýumlar çekiler

Aşgabat gününe bagyşlanan halkara sergi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Dünýädäki iň baý 10 adamyň umumy baýlygy pandemiýada iki esse artdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment