BILIM

Mugalymlaryň awgust maslahaty 17-nji awgustda başlar

Ýaş nesli döwrebap terbiýelemek we olara ýokary hilli bilim bermek, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, hünär öwretmek babatda durmuşa geçirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmak, 2019 — 2020-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2020 — 2021-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 17 — 19-njy awgusty aralygynda bilim işgärleriniň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary, 20-nji awgustynda etrap (şäher), 22-nji awgustynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatlary “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary ady bilen geçiriler ― diýip, «Mugallymlar gazeti» gazeti ýazdy.

Usuly-amaly okuwlarda okatmagyň usulyýeti, halypa-şägirtlik ýörelgesi, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň mazmunyny baýlaşdyrmak, bilim işine sanly serişdeleri giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlaryny giňden peýdalanmak, mugallymçylyk işgärleriniň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek, okuwçylara ýokary hilli bilim bermek, ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olarda milli taryhymyza, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanjy terbiýelemek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edilen konsepsiýalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Geçirilýän maslahatlara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny, alymlary, ýerli häkimlikleriň, arçynlyklaryň, daýhan birleşikleriniň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, uruş we zähmet weteranlaryny, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlary, Hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmak meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine maslahatlarda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi