SIZDEN GELENLER

ÝAGYŞ BARADA 15 HAKYKAT

  1. Portugaliýada ýagyş sebäpli işden galýarlar.
  2. Para şäherinde adamlar ýagşa görä, sagadyň  wagtyny sazlaýarlar, sebäbi ol ýerde ýagyş günde şol bir wagtda ýagýar.
  3. “Darts” oýuny ýagyş sebäpli peýda bolupdyr. Bir wagtlar peýkamçylar oýun wagty ýagşyň aşagynda galýarlar. Ine, şondan soň peýkamçylar garbanyşhana girip, kiçi naýzalary diwarda asylyp duran nyşana gönükdirip, atyp başlapdyrlar.
  4. Hakykat-da ýagşyň ysy ýok. Ýagşyň ýakymly ysy diýip bilýänimiz, aslynda aktino we sianobakteriýalary döredýär. Ýagşa ys berýän madda geosim diýip atlandyrylar.
  5. Uganda halkyny ýyldyrym bilen gorkuzup bolmaýar. Sebäbi olarda ýylda 250 gezek ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagýar.
  6. Radioda howa maglumatynyň aýdylmagyna hem ýagyş sebäp bolupdyr. Amerika radiostansiýanyň ýolbaşçysy ýagşyň aşagynda galandan soňra, ýagyş hakynda bir gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek howa maglumatynyň aýdylmagyny ýola goýupdyr.
  7. Bostswanada adamlar biri-biri bilen “pula” diýip salamlaşýarlar, onuň manysy “ýagyş” diýmekdir. Mundan başgada bu döwletiň pul birligi hem “ýagyş”diýip atlandyrylýar.
  8. Kubada ýagyş diňe öýlän wagtynda, Tailandda bolsa diňe gije ýagýar.
  9. Eger-de adamzat çölde bolsa, ýagşyň aşagynda gury galmagy mümkin. Aslynda çölde ýagyş ýagýar, emma siz ony duýmaýarsyňyz. Çünki yssy howada ýagyş damjalary buga öwrülip ýere çenli ýetip gelmeýär.
  10. Çerapundja (Hindistan) dünýädäki iň ýagyşly şäherdir. Ýylda 26460 mm ýagyş ýagýar.
  11. Adaty ýagşyň turşulygy – pH 5,6. Eger turşulyk derejesi peselse, kislotaly ýagyş diýilýär. pH 5,5 ýagyş derejesinde bakteriýalar ölýär, 4,5 derejede bolsa mör-möjekler we balyklar ölýär.
  12. Agaýo ştatynyň Uaýnsberg şäherinde 100 ýyldan bäri, her ýylyň 29-nji iýulynda ýagyş ýagýar.
  13. Ýylda ýere 519000 km3 ýagyş ýagýar (Her 1km3 bu 1milliard tonna suwa deň).
  14. Takmynan 100 milliondan bir adamda ýagşa garşy allergiýa bolýar. Ýagşyň her bir damjasy bedene düşende, adam bedeni gyzarýar we çişýär. Eger-de beýle adamlar ýagşyň aşagynda galsalar gürrüňsiz ölýärler.
  15. Dünýäniň iň köp ýagyş ýagýan nokatlarynda gyşda suw ýetmezçiligi bolýan eken. Ýagyş ýagýan pasyllardan soňra gurakçylyk gelýän eken, hat-da ilat suwy başga şäherlerden satyn alýan eken.

 

Maglumatlary  toplan: Humaý ÇARYÝEWA,  

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi