SIZDEN GELENLER

Daşoguz welaýatynyň aýal-gyzlaryň milli başgaplary we olara salynýan nagyşlar

Arheologik maglumatlar  we ýazuw ýadygärlikleri türkmen aýal-gyzlarynyň başgaplary bilen Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň antik we orta asyrlar döwrüne degişli aýal heýkeljiklerindäki başgaplaryň arasynda uly meňzeşligiň bardygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen gyzlary kellelerine tahýa geýipdirler. Olar ýumşak bolupdyr we keşdelenipdir. Günbatar we demirgazyk ýomutlaryň tahýalary konus görnüşinde bolupdyr. aýallaryň kelle gaplary beýik gaty karkasdan ýa-da keçeden edilipdir. Karkas işiln sypaldan we otdan ýasalyp daşyna mata tikilipdir. Demirgazyk we ýomutlaryň toýa geýen kelle gaplaryna hasaba diýlip atlandyrylypdyr.   Hemme ýaşdaky aýal-gyzlaryň ulanýan başgaplary birmeňzeş däldir. Gyz durmuşa çykanda onuň başgabyny aýalyňky bilen çalşyrypdyrlar. Bu däbe “başsalma”(başgaby çalşyrma) diýilýär. Baş salnanda tahýa iň golaý garyndaşlaryň, ýagny öýlenýän ýigidiň jigisine sowgat berilýär. Tahýany alan gyz şol pursatdan başlap, başga ýaş toparyna geçýär. Baş salnanda, gyzyň tahýasy aýrylyp, başyna gyňaç daňylýar, saçlarynyň örümi üýtgedilýär we saçýüzi dakylyp, arkasyna atylýar. Durmuşa çykmadyk gyzlar saçlaryny iki ýa-da birnäçe örüm edip, öňlerine atypdyrlar. Durmuşa çykanlaryndan soň bolsa, saçlaryny arkalaryna atypdyrlar. Tahýa sözüniň gelip çykyşy barada garaýyşlar.

“Tahýa”, “Börük” sözleri gadymy türki tübe, tupi, ýagny depe, baş sözüni aňladypdyr. Soňra bolsa bu termin rus diline geçip “týubiteýka” görnüşinde aýdylypdyr.

Tahýa sözi gadymy “tak”-“takga” türk sözüniň az-kem üýtgän görnüşidir. Gadymy wagtda “tak” sözüniň “Gün”, “patyşa”, “ot” diýen manylary bolupdyr. Gadymy ariý taýpalarynyň biri hasaplanýan almanlarda “tak” sözi “tag” görnüşinde häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Olarda “Günüň haýyrly bolsun!” diýen söz “Guten tag!” görnüşinde aýdylýar. Almanlardaky haýry aňladýan “gut” sözi we Güni aňladýan “tag” sözi şol manyda türkmenlerde hem ulanylypdyr.

Tahýanyň ähmiýeti

Tahýa geýip ulalan adam ýaşlykdan ünsli bolup ýetişýär;

Oglanyň edebi artýar, özüni uly adam ýaly alyp barmaga çalyşýar.

Tahýa bilen halynyň meňzeşligi

Ikisiniňem düşegi gyzyldyr;

Halynyň esasy bezelişinde merkezi bolup durýan göl dörde bölünýär, tahýanyň depesi nagyşlananda iki bölege bölünýär;

Ikisinde-de “gülýaýdy” nagşyna uly orun berilýär; Ine şu zatlar hem halynyň hem tahýanyň hem köküniň birdigine, türkmenler tarapyndan döredilendigine şaýatlyk edýär.

El işlerimizde: köklemek, kök atmak, ýörmemek, depjemek, depjäp bassyrmak, bassyrmak, epläp bassyrmak, syramak, ýabşyrmak, arpyşdaklamak, torlamak ýaly tikin tikmegiň birnäçe görnüşleri bardyr. Tikinleriň görnüşlerini görkezmek üçin şekilleriň başynda matanyň özüne meňzeş sapak ulanyp, ak sapak bilen dowam etdim. Ak sapak ulanmagymyzyň sebäbi, her bir tikiniň öz görnüşini takyk görkezmek üçindir. Matanyň özüne meňzeş sapak ulanmagymyz bolsa işiň şeýle ýerine ýetirilmelidigini, onuň zybalygyny, sünnäligini aňladýar.

Köklemek. Biçilen geýimleri tikmek üçin, danlaryna, ýeňini ýanyna, ýanlaryny aşyrlaryna ykjam birikdirmek üçin has iri sanjymlar bilen kök atylýar. Nagyşlaryň, gaýmalaryň ýerini ölçäp, deň düşürmek üçin kök atylýar, köklenilýär. Mysal üçin, ketenini iki gatlap tikmek üçin iňňä sapak sapyp, sapakly iňňäni sag eliňde saklap, çep eliň başam, süýem barmagy bilen sapagyň uzyn tarapynyň ujyny düwmeli. Iki gat keteni biri-birinden süýşmez ýaly, çep eliň bilen jebis saklap, sag eliňdäki iňňäni ketenä çümdürip, bir sm aralykdan ýokaryk çekip, çykaryp, ýene bir sm aralykdan ketenä çümdirip, soňuna çenli şol görnüşi gaýtalamak bilen kök atylýar. Mamalarymyz “Kökli tikinim, görkli tikinim” diýipdirler. Kök atylyp tikilen tikin göwnejaý hem jaýba-jaý bolýar.

Ýörmemek. Tikmegiň ýörmemek görnüşi mata biçilende onuň kesilen-gyýylan ýerine däl-de, gyra tarapyny tikmekde ulanylýar. Iki gyrany jebis saklap, kök atyp, iňňäniň ujuny owunjakdan ýygyja, gyýa-gyýa geçirip tikmek-ýörmemekdir. Ýörmemek üçin sapak örtülen iňňäniň sapagynyň ahyrky ujuny düwüp, sag eliň bilen iňňäni bir gezek dyzbizine çümdürip-çykaryp, sapagyň düwüni bek saklanar ýaly edip, şu pursatda kök atylan matadan tikip başlamaly ýerine golaý çep eliň bilen ykjam saklap, iňňäni matanyň aňry tarapyndan özüňe tarap gyýaja sünjüp-çykaryp, şol görnüşi nepis gaýtalabermeli. Ýörmemek keteniler tikilende has köp ulanylýar. Gyrasyz matalarda-da ýörmemäni ulanmak bolýar.

Depjemek.  Tikmegiň depjemek görnüşi islendik mata biçüwlerinde ulanylýar. Kesilen, gyýylan mata bölekleriniň biri-birine sepleşmeli ýerinde kök atylan iki mata bölegini çep eliňde jebis saklap, sag eliňdäki sapakly iňňäniň ujy bilen owunjakdan, ýygy-ýygydan aşak-ýokaryk yzygiderli çümdürip–çykaryp, nepisläp tikmek depjemekdir. Depjelmeli iki gat matanyň gatlary biri-birinden süýşmez ýaly aýdylan görnüşinde oňa kök atyp, onsoň depjelse, tikin ykjam bolýar.

Bassyrmak.    Tikmegiň bassyrmak görnüşi matanyň biçilen, kesilen, gyýylan ýeke gatynyň tikilmeli ýerinde ulanylýar. Eger haltanyň agzyny diňe bassyraýmaly bolsa, onda haltanyň agzyndan 5 mm eplemeli-de, iňňäni gyýaja-gyýaja sanjyp, üpür-çüpüri bassyrmaly.

Epläp bassyrmak. Geýim biçilende, matasy girýän bolsa, boýuny, ýeňini uzynyrak ölçäp biçip, tikilenden soň ýeňiniň agzyny we etegini 2-3 barmak içine epläp tikmeklige epläp bassyrmak diýilýär. Matadan tikilen ganaryň agzyna ýüp ötürmek üçin hem ganaryň agzyny epläp bassyrmaly.

Depjäp bassyrmak. Biçilen mata bölekleriniň kesilen, gyýylanlaryndan iki bölegi jebis tutup depjäniňden soň, depjelen ýeri barmagyň bilen sypap ýykmaly, soň ýene gyrasynyň üpür-çüpürlerini barmagyň bilen öwürmeli-de, bassyrmaly. Tikmegiň görnüşine depjäp bassyrmak diýilýär.

Syramak. Syrda, syramak- bu ikisi bir manyda ulanylýar. Syramakda depjeme sanjymy ulanylýar. Tikmegiň bu görnüşinde matalar iki-üç gat bolmaly. Meselem, gyz-gelinler gyrmyzy çabytlaryny, aýak geýimlerini syranlarynda, depjeme sanjymyny has nepisläp ulanýarlar. Ýorganlar hem depjeme sanjymyny iri sançmak bilen syralýar.

Ýabşyrmak. Biçilen geýimiň bölekleriniň tikinleri tikilenden soň, bölekler biri-birine ýabşyrylýar, ýagny birikdirilýär. Ýabşyrylanda, begeýigini ýana ýabşyrmaly, ýeňini ýanyna, ýeň sapysyny ýeňine ýabşyrmaly, bölekleri biri-birine gowşurmaly. Dört okuny hem tikip bolup ýabşyrmaly. Ýabşyrylýan ýerlerde tikmegiň şol ýerlere gelişýän görnüşini ulanmaly.

Arpyşdaklamak. Tikmegiň bu görnüşiniň düşnükli bolmagy üçin köýnegiň ýakasyny mysal alalyň. Ir wagtlarda ýakanyň gyýysyna-da bir alaja işilip, berklik-owadanlyk üçin tikilerdi. Ýa-da alaja ýüpe derek ýüpegiň gowy hilini nepis işip, iňňä sapyp, ýakanyň gyrasy ýa-da gyýynyň gyrasy ilki özüňe tarap ýörmelerdi, soň bolsa onuň tersine ýörmelerdi. Şeýdip, terslin-oňlyn ýörmelende, iňňäniň girip-çykýan ýerleri birigip, ýaňky ýüpek sapakdan arynyň öýjügine, aýak yzyna meňzeş, şeýle hem hünji düzülen ýaly tikin emele gelýär. Şol tikine arpyşdaklamak diýilýär.

Torlamak. Sanjym aralarynda islendik ölçegde boşluk goýup emele getirilýän tikin şekiline torlamak diýilýär. Bu sanjym durluk, serpik, jorap ýaly islendik zady torlamakda ulanylýar. Torlamagy töwerekleýin çepden saga, her aýlawda öňki goýulan boşlukdan iňňäni sanjybermeli. Göni torlamaly bolanda, çepden saga, sagdan çepe öňki goýlan boşlukdan iňňäni sanjyp-çykaryp gaýtalamaly. Torlama sanjymda iri gaýma sanjym mysaly, iňňäni dik sanjyp, ýapgyt çekip çykarmaly. Sapagy halka bolup aýlanmaly. Şeýle hem köýneklere, penjeklere ilik ötürmek üçin gaýçy bilen gyýylýan deşijekleri berkidipdirler. Torlanýan işe görä inçe ýa-da ýogyn sapak bilen torlamak gelşiklidir.

Ýamalyk. Inçe iňňeleriň islendik görnüşi bilen ýyrtylan zat ýamalýar. Meselem, ýyrtylan köýnegiň reňkine, gülüne meňzeş mata bölegini almaly. Şol mata bölegi ýyrtygy-ha bir ýapmaly, ýyrtykdan daşgyn hem esli artmaly. Ýyrtygy ýapmak hem tikmek üçin ýyrtylan eşige meňzeş matadan kesilip alynýan mata bölegine ýamalyk diýilýär. Ýama ýamamakda tikin görnüşlerinden depjeme we bassyrma usullary ulanylýar.

Türkmen gelin-gyzlary her bir eşigine örän owadan , ajaýyp nagyşlary salyp geýipdir. Nagyşlaryň matanyň ýüzüne salynyşynyň özüne degişli häsiýetleri bar. Olar dogry we göwnejaý ýerleşdirilişi, nepisligi, hili, olaryň reňkleriniň saýhallylygy, rejeli utgaşdyrylişy bilen tapawutlanýarlar.  Biziň gelin-gyzlarymyzyň egin-eşikleriniň ýiti reňk öwüşginleri, ajaýyp nagyşlary, ýerine ýetirilişi aýratynlyklary türkmen halkynyň çeper döredijiliginiň belent bolandygyny görkezýär. Gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp egin-eşiklerini haýsysyny alanymyzda-da nagyşlar bilen bezelen. Nagyşlar her bir ussanyň, heýkeltaraşyň, küýzegäriň, binagäriň, demirçi ussanyň, agaç ussasynyň, dokmaçynyň, keşdeçiniň işiniň gözelliginiň nusgasydyr.

Dokmaçylykda we aýal-gyzlaryň el hünärlerinde nagyş egin-eşigiň, haly we başga käbir önümleriň ýüzüne owadanlyk, gözellik, bezeg üçin edilýän çylşyrymly çyzgy, çeper çekilen şekilleridir. Türkmen zenanlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetirýän nagyşlarynyň her biriniň aýratyn manysy bardyr. Çünki aýal gyzlarymyz halylara we haly önümlerine, beýleki el işlerine salan nagyşlarynyň üsti bilen türkmen halkynyň häsiýetini, däp-dessuryny, edim-gylymyny, tebigatyny, dinini, umuman ýaşaýyş medeniýetini beýan edipdirler. Şonuň üçin hem milli nagyşlarymyzyň her birini öz ýoly, häsiýeti bardyr. Şol häsiýetler hem milli nagyşlarymyzyň häsiýetine geçipdir. Ynsan bedenine meňzetmek, ösümliklere, ot-çöplere, asman jisimlerine, tebigy hadysalara, dürli gurallara we başga-da her dürli zatlara meňzetmek arkaly at berlen nagyşlardyr.

Daşoguz welaýatynda ýaşaýan ýomutlaryň geýýän tahýalary daşky sypatyna seredeniňde edil çuňlukdan gelen güberçegiräkdir. Kelläňe geýen mahalyň ykjam bolar ýaly birneme çuňrak tikilýär,agzy gysylybyrak edilýär. Emma erkek adamlar üçin niýetlenen tahýalar ýalpakdan gelen agzy giňräk bolýar.

Ýomut gyz tahýa

Tahýalara ýüpek sapaklary kybapdaş getirip,  köplenç tahýanyň depesine Solkum goç, peýkam uç nagyşlary salynýar. Tahýanyň etegine bolsa ‘’ Pyçak uç’’, “Ýylan öwek” nagşyny salypdyrlar. Tahýanyň hemme ýeri nagyşlanyp gutarylandan soň  bolanyndan soň çaluw çalnypdyr. Çaluw owadanlyk hem tahýanyň berk bolmagy , köp wagtlap geýmek üçin peýdaly.

Ýomut tahýalarynyň dürli görnüşleri bar. Çagalar üçin tikilýän tahýalaryň matasy köplenç ýaşyl we gyzyl matada edilipdir. Oglanjyklar üçin tikilýän tahýalaryň nagyşlary üýtgeşigräk. Olar “ak, sary içýan” hemde gülýaýdy nagyşlary bilen bezelýär. Bu bolsa tahýanyň eýesine ak ýol arzuw edilýändigini aňladýar.

Erkek tahýa

Gadymy däp-dessurlara görä, durmuşa çykýan her bir gyzyň kellesinde özüniň tiken tahýasy bolmaly hemde şol tahýa gelniň baldyzyna sowgat berilmeli. Şonda baldyzy gutlaýarlar, Şonuň ýaly eli gelin edinmegi özlerine şeýle tahýanyň nesip etmegini arzuw edip, baldyzyň tahýasyny maňlaýyna sylýarlar. Ýaşulular üçin niýetlenen tahýalar köplenç goňur reňkli ýüpeklerden tikilýän nagyşlar bilen bezelýär. Tahýanyň aşagyna ilkinji salynyp başlanýan nagyşa “bäş aşyk” nagşy bilen başlapdyrlar

Erkek tahýa

Türkmen gelin gyzlarynyň zähmetden dörän el hünärleri ruhy gözelligiň ajaýyp nusgasy hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. On barmagyndan dür dökülýän zenanlaryň çeken keşdeleri, gaýan gaýmalary, olaryň ýagşy umytlarynyň  röwşen nury bolup, kalbyňa ýylylyk çaýýar. Oňa seretdigiňçe, nepislik dünýäsini gurşap alýar.

Nagyşlar türkmen zenanlarynyň ezberliginiň uzuklygynyň, kanagatynyň, pähim-paýhasynyň ägirtdigini aňladýar. Ynha oglan tahýalaryndaky gaýmalaryň inçeligi olarda sabyr kanagatyň, başarnygyň barlygyndan habar berýär. Syntgylanyp–sünnälenen nagyşlar köňül owazlary bolup ýürege mähremlik guýýar. Ynsan balasyna olardan ganma ýok. Çünki gözellik bossany beýik hem bakydyr.

Demirgazyk Türkmenistanda ýaşaýan çowdur taýpalary hem örän sünnäläp, inçeden owadan keşdeler edipdirler. Çowdur zenanlary başyna geýýän topbylaryna, donlaryna salýan nagyşlarynyň ählisini “Ilme” bilen ýerine ýetiripdirler.

Çowdur topby

Topbynyň depesine “ýarty çyrazy” nagşy salynýar. Topba salnan nagyşlaryň hemmesi iki hatar “Ilme” bilen nepisden gelen owadan edilip ýerine ýetirilen. “Ýarty çyrazy” nagyşdan soň “Gyýak” nagşy salynýar.  Topbynyň birleşdirilen ýeriniň üstünden goýy ýaşyl sapak bilen tutuş tegeläp ilme aýlap çykylýar. Topbynyň birleşdirilen ýeri bilinmez ýaly “Ters halka” nagşy salynýar. Etegine bolsa “Ýarty çyrazy” nagşy iki hatar edilip salynýar. “Ýarty çyrazy” nagyşdan soňra ýene-de “Gyýak”, “Ters halka” nagyşlary salnypdyr.

Demirgazyk türkmenlerde, çowdurlarda topbynyň aşagynda ýumşak kelle gaby geýlipdir. Ol konus görnüşinde gyzyl matadan işlikli iki gapdalynda gulagy ýapýan bölegi we ýeňsäni ýapýan bölegi bolup, onuň ujunda bagjyk bolupdyr we ol yzyndan daňlypdyr.

Aýlar Begjikowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 3-nji  ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi