SPORT

6 aýdan soňra tälimçilikden boşadyldy

Angliýanyň “Premýer Liga” milli çempionatynyň düzümindäki “Ewerton” topary tälimçisi Rafael Benites bilen baglanyşylan ylalaşygy ýatyrdy. Toparyň gazanýan şowsuz netijeleriniň hasabyna tälimçi Benites 6 aýdan soňra wezipesinden boşadyldy.

2021-nji ýylyň tomsunda wezipä bellenilen Benitesiň ýolbaşçylygyndaky “Ewerton” topary soňky 13 tapgyrda 1 gezek ýeňiş gazanyp, 9 duşuşykda ýeňildi. 19 tapgyryň ahyrynda topar Angliýanyň çempionatynda 15-nji orunda barýar.

Topara bellenjek täze tälimçi barada soňra habar berler.

“Walensiýa”, “Liwerpul”, “Inter”, “Çelsi”, “Napoli” we “Real Madrid” ýaly Ýewropanyň möhüm klublaryna tälim beren 61 ýaşly Benites “Ewerton” toparyndan öň Hytaýyň “Dalian” toparynda işläpdi.

2005-nji ýylda “Liwerpul” topary bilen UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan ispan tälimçisi, 2013-nji ýylda “Çelsi” topary bilen UEFA Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy.

Beýleki tarapdan Benites “Liwerpul” we “Ewerton” toparlaryna tälim beren ikinji tälimçi boldy.  Şondan öň, 1890-njy ýyllarda Uilýam Edward Barklaý bir şäheriň iki uly topary bolan “Liwerpul” bilen “Ewerton” toparlarynyň tälimçisi bolupdy.

 

17-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy