SPORT

Arakesme bahany düşürýär

«CIES Football Observatory» seljeriş merkezinden berilýän maglumata görä, dünýä futbolyna berlen häzirki arakesme iri futbol klublarynyň köp mukdarda serişde ýitirmegine sebäp bolýar. Hatda bu arakesme olaryň bahasyna hem öz täsirini ýetirdi.

Sanawa görä, arakesmeden iň kän zyýan çeken klub Angliýanyň «Mançester Sitisidir». Aýdylyşyna görä, toparyň futbolçylarynyň umumy bahasy ozalkysyndan 412 million ýewro arzanlady. Onuň yz ýany bilen bolsa «Barselona» gelýär.

Mahlasy, sanawdaky ilkinji onluk şeýle:

  1. «Mançester Siti» – 412 million ýewro arzanlady;
    2. «Barselona» – 366 million;
    3. «Liwerpul» – 353 million;
    4. «Real» – 350 million;
    5. «PSŽ» – 302 million;
    6. «Mançester Ýunaýted» – 293 million;
    7. «Inter» – 276 million;
    8. «Bawariýa» – 267 million;
    9. «Çelsi» – 251 million;
    10. «Tottenhem» – 227 million.

Related posts

Sport baýramçylygy – Olimpiýa oýunlaryna sanlyja gün galdy

Gazagystan Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna çakylyk aldy

Salah “Liwerpulda” galýar