BIZNES

580 müň gektar meýdana gowaça ekiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak babatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär.

Ýurdumyz boýunça 580 müň gektar meýdanda gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek maksady bilen, ekiş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek, ýuwuş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, gallaçylar şu ýylyň hasyly üçin ekilen jemi 690 müň gektar bugdaý meýdanyny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde ilatymyzy ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi