Gadymda galdyrylan gönülik nusgalarynyň biri-de ynsanlaryň gylyk-häsiýetine degişlidir. Bilnişi ýaly, adamyň esasy ölçegleriniň biri-de gylyk-häsiýeti bilen baglanyşyklydyr. Tutuş türk dünýäsine rus dilinden alnan “harakteristika” sözi bilen ýaýradylan düşünjäniň aslynda türkleriň gadymy “gylyk”, “edim-gylym” sözleri ýatýar.
- On üçünji mysal: (KB №407): kılınçı köni / tabiatı dürüst/ edim-gylymy göni.
Kılınçı köni erdi kılkı oŋay, tili çın bütün hem közi köŋli bay |
Tabiatı dürüst, tavrı munis idi;
sözü doğru, gözü ve gönülü zengin idi. |
Edim-gylym göni, gylygy oňaý,
Dili çyn, sözi hak, gözi, köňli – baý. |
Türkmen dilinde “özüni alyp barşy, bolşy, gylyk häsiýeti” diýen manyda “edim-gylym” sözi ulanylýar. Biz bu sözi gadymy “kılınç” sözüniň ýerine ulanmaklygy amatly hasapladyk. Gysgaça aýdanymyzda, adamyň edim-gylymy gönüdir. Diýmek, adamyň tebigy taýdan ýaradylyşy-da gönümellik bilen berk baglanyşyklydyr.
Eseriň gahrymanlaryndan biri bolan Gündogdynyň häsiýetini öwrenmek maksady bilen aşakdaky setirleri gözden geçireliň:
Bu kün toğdı tegli törü ol köni, bu ay toldı tegli kut ol kör anı |
Bu Kün-Toğdı dediğim doğrudan-doğruya kanundur; Ay-Toldı ise, saadettir. |
Bu Gündogdy diýlen töre ol göni,
Bu Aýdoldy diýlen gut ol, gör, ony. |
Bu setirdäki “köni törü” (göni töre) eseriň baş gahrymanlarynyň biri bolan Gündogdynyň tymsalydyr.
Gündogdy göni töredir (töre-şol döwrüň baş kanunydyr). Bu ýerde-de kanunyň gönüligi bilen baglanyşykly aýratynlygy beýan edilýär we eseriň gahrymany Gündogdynyň mysalynda anyk düşündirilýär.
Eseriň 407-nji bendine görä, eseriň baş gahrymany Gündogdynyň gadymy häsiýetnamasy şeýledir:
Asyl nusgasy: | Türkmençe nusgasy: |
Kılınçı: köni | Edim-gylymy: göni |
Kılkı: oňay | Gylygy: oňyn |
Tili: çın bütün | Dili: bütinligine çyn |
Közi: bay | Gözi: baý |
Köňli: bay | Köňli: baý |
- On dördünji mysal: (KB №409): kılkı köni / dürüst tabiatlı / gylygy göni.
Yana kür küvez erdi kılkı köni,
küniŋe kötürdi bu kılkı anı |
Aynı zamanda mehâbetli, yüreği pek ve dürüst tabiatlı idi; bu tavrı ve hareketi onu günden-güne yükseltti. |
Ýene has gaýratly, gylygy göni,
Günsaýyn göterdi bu gylgy ony. |
Türkmen sözlüklerinde “adamyň özüni alyp barşynda ýüze çykýan has durnukly ruhy häsiýeti, häsiýet” ” [TDDS,I, 2016:512]; “durmuşda özüňi alyp baryş, häsiýet, reje” [TDS,1962:225] diýip düşündirilýän “gylyk” sözüniň-de eserde “köni” bilen sypatlandyrylýandygyny görmek mümkin.
Diýmek, türkleriň gadymy düşünjelerine görä, adamyň gylygy bilen baglanyşykly gönülik-de has irki döwürlere degişlidir. Şeýle hem göni gylyk adamy gün-günden beýgeldýändigi ýörite bellenilipdir.
Şonuň üçin adam öz gylygyndaky gönüligi mydama göni saklamalydyr, ony asla üýtgetmeli däldir, hiç wagt egreltmeli däldir. Ýaradylyşdan göni edilip berlen gylyk üýtgedilse, onda adamyň tebigatynyň düýp-teýkary-da üýtgär.
- On bäşinji mysal: (KB №424): kılınçı köni / dürüst yaradılışlı / edim-gylygy göni.
Bağırsak bütün çın kılınçı köni,
tili köŋli tüz bolsa bilse munı |
O bana candan bağlı, emniyetli, doğru ve dürüst yaradılışlı, içi-dışı bir ve işten anlar bir kimse olmalıdır. |
Çyn kökenek, edim-gylygy göni,
Dil-köňli düz bolsa hem bilse muny. |
Ýokarky setirdäki “kılınçı köni” adamyň häsiýetine, özüni alyp barşyna, edim-gylyma degişli bolan aýratynlykdyr. Bu aýratynlygyň esasynda “köni” düşünjesi ýatýar.
Şol bir wagtyň özünde-de gürrüňi edilýän edim-gylymyň gönüligi dil we köňül bilen-de berk baglanyşyklydyr. Diýmek, türkleriň gadymy düşünjesine görä, adamyň edim-gylymy-da, dili-de, köňli-de göni bolmalydyr.
On altynjy mysal: (KB №453): yorıkı köni erse / dürüst hareket derse / ýörşi göni bolsa.
Bu beglik uluğluk idi edgü neŋ, yorıkı köni erse ay kızğu eŋ |
Ey yüzü sevinçle parlayan bahtiyar, insan dürüst hareket ederse, bu beylik ululuk çok iyi bir şeydir. |
Bu beglik, uluglyk örän oňat zat,
Ýörşi göni bolsa, aý owadan at. |
Ýokardaky setirde begligiň, ululygyň oňat bolmagy üçin esasy şertiň hökmandygy öňe sürülýär. Bu şert bolsa göni ýöremekdir, gönümel hereket etmekdir, aýagyňy dürs basmakdyr.
Bu şerti aşakdaky mysalda-da görmek mümkindir:
On ýedinji mysal: (KB №455): yorısa köni / iyi hareket derse / ýörese göni.
Ne kutluğ bolur öd bodunka küni,
begi edgü bolsa yorısa köni |
Bey ne kadar doğru olur ve iyi hareket ederse,
halk için o kadar mes’ûd bir devir ve hayat başlar. |
Ne gutly bolar gör, il-halkyň güni,
Begi eýgi bolsa, ýörese göni. |
Ýokardaky setirlerden gelip çykýan gadymy türkmenleriň, türkleriň düşünjesi şeýledir:
Halkyň hakyky halk bolmagy üçin, döwletiň düzgüne laýyk we dogry ýöredilmegi üçin BEG EÝGI BOLMALYDYR.
Halkyň hakyky halk bolmagy üçin, döwletiň düzgüne laýyk we dogry ýöredilmegi üçin BEG GÖNI ÝÖREMELIDIR.
Elbetde, gadymda galdyrylan “Gönüler” we “Gönülikler” hakynda häzirlikçe gysgajyk maglumatlarymyz şulardan ybaratdyr.