Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenilip geçilýär. Bu ýylky baýramçylyk köpçülige temmäkini ulanmagyň howplary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäki epidemiýasyna garşy göreşmek üçin edýän işleri barada birnäçe çäreler guralýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) agza döwletleri 1987-nji ýylda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş günini döretdiler.
Dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan wezipe XXI asyrda çilim çekmek meselesiniň ýok bolmagyny üpjün etmekdi. XXI asyr geldi, ýöne mesele ýitip gitmedi. Nikotine garşy göreş dowam edýär. Şonuň üçin Bütindünýä temmäki gününiň global maksady häzirki we geljekki nesilleriň diňe saglygyň zyýanly netijelerinden däl-de, eýsem temmäki ulanmagy we temmäki tüssesiniň täsiri bilen baglanyşykly durmuş, daşky gurşaw we ykdysady kynçylyklardan goralmagyny üpjün etmekdir.
Millionlarça adamlar öýken keseli, inçe kesel, astma ýa-da temmäki zerarly beýleki öýken keselleri bilen ýaşaýarlar. BSGG-niň baş direktory, doktor Tedros Adhanom Gebrees: “Her ýyl temmäki zerarly azyndan 8 million adam aradan çykýar. Sagdyn öýken sagdyn ýaşaýyş üçin zerur. Bu gün hem-de her gün temmäkä “ýok” diýmek bilen, siz öz öýkeniňizi, öz dostlaryňyzy we maşgalaňyzy gorap bilersiňiz!” diýip belleýär.
Çilimi taşlamak aňsat däl. Nikotiniň özüne bendi etmegi bilen çilimi taşlamaga synanyşan adamlary diňe birnäçe aýdan soň täzeden çilim çekmäge başlaýar.
Häzirki wagtda täsirli bejergiler, şeýle hem nikotiniň ornuny tutýan serişdeler bar. Olaryň has giňden elýeterli bolmaly, ähli ýurtlarda çilim çekýänleriň elýeterli bolmagy üçin tagallalar edilýär.
BSGG adamyň saglygyna zyýan bermekden başga-da, temmäkiniň daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýändigini belleýär. Temmäki galyndylarynda ýedi müňden gowrak zäherli himiki maddalar, şol sanda kanserogenler bar. Her gün satylýan 15 milliard çilimiň üçden iki bölegi tebigata zyňylýar. Kenarýaka we şäheriň çäginde geçirilýän arassaçylyk işleri wagtynda jemlenýän zir-zibillerip 30-40% -ini çilim galyndylary düzýär.
Ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreş çäreler yzygiderli geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.