DÜNÝÄ

28 ýyl mundan ozal Ýewropa Bileleşigi döredildi

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşigi resmi taýdan döredildi we ol 27 Ýewropa döwletiniň syýasy we ykdysady birleşmesi bolup hyzmat edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde kanunçylygyň standartlaşdyrylan ulgamy, umumy bazar, hereket edip, ähli ýewropa döwletleriniň arasyndaky serhetler açykdyr. Ol hem adamlaryň, harytlaryň, maýalaryň we hyzmatlaryň erkin hereket etmegine mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, 19 ýurduň umumy pul birligi bar – ol hem ýewrodyr.

Ýewropa Bileleşiginiň esasy merkezleri Brýussel, Lýuksemburg hem-de Strasburgdyr. Dünýäniň ähli ýerinde ÝB-niň hemişelik diplomatik wekilhanasy döredilendir. Şeýle hem ÝB guramasynyň BMG-niň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň, “G-7” hem-de “G-20” guramasynyň çäklerinde wekilhanasy hereket edýär. ÝB-niň wekilhanasyna guramanyň belleýän ilçileri ýolbaşçylyk edýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň institulary özünde Ýewropa Geňeşini, Ýewropa Komissiýasyny, Ýewropa Bileleşiginiň kazyýetini, Ýewropanyň Hasabat palatasyny, Ýewropanyň Merkezi bankyny we Ýewropanyň parlamentini jemleýär. Ýewropa parlamentiniň deputatlary her 5 ýyldan saýlanýar.

445 milliondan gowrak ilaty bilen Ýewropa Bileleşigi jemi içerki önüm (nominal) boýunça dünýä ýurtlarynyň nominal jemi içerki önüminiň 30% -ini tutýar.

Ýewropa Bileleşigi ýigrimi ýedi garaşsyz döwletden ybaratdyr. Olar- Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Bolgariýa, Çehiýa, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Niderlandlar, Irlandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Italiýa, Kipr, Latwiýa, Litwa, Lýuksemburg, Wengriýa, Malta, Polşa, Portugaliýa, Rumyniýa, Slowakiýa, Sloweniýa we Gresiýa.

Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň umumy tutýan meýdany 4 233 262 inwdördül kilometrdir. Iň beýik gerşi Monblan dagydyr (4810 m).

Ýewropa Komissiýasy Ýewropa Bileleşiginiň iň ýokary ýerine ýetiriji organydyr. 27 agzadan ybarat, her agza döwletden bir wekil bar. Olar wezipelerini amala aşyranlarynda garaşsyz bolýarlar, diňe ÝB-iň bähbidine hereket edýärler we başga bir iş bilen meşgullanmaga hukugy ýok. Agza döwletleriň Ýewropa Komissiýasynyň agzalaryna täsir etmäge hukugy ýok.

 

7 milliard doza sanjym edildi

 

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi