Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ýaş nesilleriň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny irki ýaşdan ýüze çykarmaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işlere nazar aýlanyňda buýsanjyň artýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty diňe parahatçylyga, durnuklylyga we ösüşe ýugrulan adyl syýasatdyr. Bu syýasat halkymyzyň we dünýäde ýaşaýan halklaryň parahat, asuda durmuşyna gönükdirilendir. Ýurduň ösüşi, ýetilen we ýetilýän belent sepgitler, ýyl boýunça gazanylýan üstünlikler, şanly wakalar tutuş Watanymyzyň rowaçlygy hem-de halkymyzyň abadançylygydyr. Agzybir halkymyz bu beýik işlere buýsanyp, ajaýyp döwrümizde döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle asylly işler bilim ulgamynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Elektron gollanmalaryň taýýarlanylmagy, dürli diller boýunça täze okuw kitaplarynyň neşir edilmegi ýaşlaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyryp, dil sowadynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaşlary ösdürip ýetişdirmek döwrümiziň möhüm talabydyr.
Iňlis dili sapaklarynda okatmagyň döwrebap usullary ulanylýar. Sapak geçilende okuw kitaplary bilen bir hatarda multimedia tagtalar, lingafon otaglar, audio we wideo ýazgylar peýdalanylýar.
iňlis dilini öwretmekde okuw kitaby ýakyndan ýardam berýär. Kitapda täze sözler, olaryň aýdylyşy, äheňleri, gepleşikleriň guralyşy aýdyň görkezilýär. Tekstleri okadyp, terjime etdirmeli, olaryň okan ýerlerini özleriçe gürrüň bermeklerini gazanmaly.
Lingafon okuw otaglary täze öwrenen sözlerini gaýtalamak ýa-da wagty beýan etmegi öwretmek üçin örän amatlydyr. Şonuň netijesinde sözleri nähili aýtmalydygyny, nähili heňler bilen sesiňi ýokary galdyrmalydygyny diňläp bolýar. Diňlemek usuly arkaly okuwçylar öwrenýän dilini aňyna gowy kabul edýärler. Bu usul mugallyma örän köp kömek edýär.
Ýaşlara kompýuter tehnologiýalary arkaly birnäçe gönükmeleri ýerine ýetirmek, täze öwrenen sözlerini ýatda saklamak maksady bilen, olary suratlar bilen ýat tutmak has amatly bolýar. Şonuň üçin hem sagatlaryň wagty şekillendirilen suratlary multimedia tagtasynda görkezilýär. Şu şekildäki sagatlaryň wagtyny aýtmaga çalyşýarlar, pikirlenişlerini ösdürýärler.
Häzirki zaman globallaşan dünýämizde iňlis dilini öwrenmek zerurlyga öwrüldi. Bu dil häzirki wagtda iň köp gürlenýän dil bolup 96 sany ýurtda 1,5 milliarddan gowrak gürleýjisi bar.
Iňlis dilini öwrenmek hünär taýdan ösmek üçin köp mümkinçilikleri açmaga mümkinçilik berip size hünäriňizi kämilleşdirmäge gural hökmünde kömek eder. Iňlis dilini öwrenmekligiň her bir adam üçin dürlüçe zerurlyk ýa-da güýmenje bolup biler. Bu dil häzirki wagtda halkara aragatnaşykda, işewürlikde ylymda, tehnika-tehnologiýada has giňden peýdalanylýar.
Täze dil öwrenilende, ýokary depginde, birden bar sözleri ýat tutjak bolmak hökman däl. Esasy zat — özüňe ynanmakdyr, üstünlige tarap yzygiderli öňe ilerlemekdir. Geljekde dil boýunça synag tabşyrmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, has öňünden, maksada laýyk taýýarlyk görüp başlamak maslahat berilýär. Esasy zat dil öwrenmek bilen näçe ýygy-ýygydan meşgullanylsa, ýokary bilim derejesini gazanmak has çalt we aňsat bolar. Şeýle-de bolsa, tizleşdirilen okuwyň zerurlygy ýok ýagdaýynda gündelik sapaklaryň iň amatly dowamlylygy bir-iki sagat bolmalydyr. Dil öwrenmek bilen meşgullanmagyň özüňiz üçin iň amatly we dogry usulyny saýlaň. Üstünlik hemraňyz bolsun!
Durdymyrat Kyýasow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.