Ilki bilen “meteorologiýa näme?” diýen soraga jogap berip, soň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda meteorologiýa ylmynyň ösüş taryhy hakynda gürrüň açarys. Ýagny, meteorologiýa – atmosferada bolup geçýän hadysalary we howa ýagdaýlaryny öwrenýän hem-de olaryň sebäplerini düşündirýän ylymdyr, ýagny atmosferanyň fizikasydyr. Biziň Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzda 1926-njy ýylda meteorologiýa gullugy döredilýär we ol halk hojalygynyň ösüşine hem-de meteorologiýa maglumatlarynyň talabalaýyklygyny meýilnamalaşdyrýar. 1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 3-den bäri ata Watanymyz Bütindünýa meteorologik guramasynyň agzasydyr.
Bu ylym hakynda ýazylan birnäçe maglumatlara ser salsak, Türkmenistanda XX asyryň başynda bary-ýogy 20 sany meteorologik beketlerinde gözegçilik geçirilipdir. Şol döwrüň meteorologik beketleriniň köpüsi Russiýanyň A.I.Woýeýkow adyndaky Baş geofizika obserwatoriýasy we Rus geografik guramasy tarapyndan gurlupdyr.
2006-njy ýylyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň çäginde 42 sany meteobeketler hereket edip, olaryň içinde ilkinji gurlan meteorologik bekedi hem Türkmenbaşy şäherindäki meteorologik bekedidir. Ol şäheriň döredilmegi bilen bilelikde 1869-njy ýylda döredilýär. Şondan 14 ýyl soň Serdarda, 1888-1889-njy ýyllarda Mary sebitleriniň klimat şertlerini öwrenmek maksady bilen Maryda, Soltanbentde we Baýramalyda meteorologik beketler gurulýar. Aşgabatda ilkinji meteorologik stansiýa 1892-nji ýylyň maý aýynda, Köşi obasynda bolsa 1910-njy ýylda gurulýar. Şol ýyllardan soň Aşgabatda yzygiderli howa gözegçiligi başlanýar.
XX asyryň 20-nji ýyllarynda ýurdumyzda meteorologiýa beketleriniň güýçli depginde ösüp başlan döwri bolupdyr. 1921-nji ýylyň Iýun aýynda Garabogazda meteorologiýa bekedi, iki ýyldan soň Jebelde, ýene-de iki ýyldan soň Ýolötende gurulýar.
1926-njy ýylda Türkmenistanyň subtropik etraplarynda üç sany meteorologiýa beketleri (Etrek, Magtymguly, Esenguly) gurulýar we Köpetdagda biri, Arçabildede biri gurulýar. 1927-nji ýylda Garabogaz aýlagynyň günorta kenarynda, Köpetdagda, Köpetdagyň etegindäki düzlükde birnäçe meteobeketleri (Haýrabat, Hojagala, Kaka, Bereket) gurulýar.
1928-nji ýylda Daşoguz sebitini öwrenmek işleri başlanýar, Daşoguzda gurlan ilkinji meteobeket ýurdumyzyň Aşgabat ─ Daşoguz uçar ýoluny howa maglumatlary bilen üpjin edip başlaýar. 1928-nji ýylda Garagum çölünde döräp gelýän himiýa senagatyny howa maglumatlary bilen üpjin etmek maksady bilen Zäkli bekedi gurulýar. Edil şol ýylda Ýerbent we Darganata meteobeketleri açylýar. Umuman, XX asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanda 18 sany meteorologiýa beketleri gurulýar.
1930-njy ýyllarda awtoulagyň, howa ýollarynyň, nebit we himiýa senagatynyň, oba hojalygyň ösmegi bilen birlikde meteorologiýa beketleriniň sany hem artýar. 1930-njy ýylda Bekdaş, 1931-nji ýylda Çendir jülgesinde Ýartygala, 1933-nji ýylda Köpetdagyň eteginde deňiz derejesinden 500 metr beýiklikde Gowurdak we 800 m beýiklikde Köýten meteobeketleri açylýar. 1934-nji ýylda Köpetdagda daglyk meteobekedi bolan Saýwan we nebitçileriň şäheri Balkanabatda meteobeketler gurulýar. 1935-nji ýylda Sumbar jülgesinde Parahat meteobekedi gurulýar. 1937-nji ýylda Köýtendag meteobekedi we edil şol ýyl Hazar deňziniň gündogar kenaryna ýakyn bolan Ogurjaly adasynda meteobeket açylýar. 1938-nji ýylda Merkezi Garagumda ýene-de bir meteobeket, ýagny Derweze, soňky ýyl bolsa günbatar Türkmenistanda Çagyl meteobekedi açylýar.
XX asyryň 40-njy ýyllarynda alty sany meteobeket: 1940-njy ýylda Amyderýanyň orta akymynda Burdalyk, 1942-nji ýylda Garagumda Çeşme diýen guýynyň ýanynda, 1944-nji ýylda Murgap sebitiniň demirgazyk günbatar çetinde Çaşkent, edil şol ýylda ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşen Köneürgençde we merkezi Bathyzda Akarçeşmede açylýar.
Garagum derýasynyň taslanmagy sebäpli Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Bekibent (1953 ý), Ýasga, Ýekeje (1952 ý), Çaskak, Niçka we Tejengurluşyk (1957 ý) meteobeketler gurulýar. Ondan başga-da XX asyryň 1950-nji ýyllarynda Garabil (1951 ý), Goşaoba (1952 ý), Akmolla (1953 ý), Galkynyş we Akdepe (1955 ý) meteobeketleri gurulýar. Şeýlelikde, XX asyryň 1950-nji ýyllarynda 20-nji ýyllardaky ýaly meteobeketleriň ulgamy örän köpeldi, şol ýyllarda 14 sany meteobeket gurulýar.
Watanymyzda meteorologiýa we klimatologiýa ylmyna esasan hem K.Weýisow, G.Gurbandurdyýew, A.Durdyýew, A.Durdykow, N.Nurberdiýew, Ý.K.Balakirow, G.Hamraýew we beýlekiler öz mynasyp goşandyny goşup, ýaşlara we geljekki meteorolog hünärmenlere birnäçe ylmy kitaplary hem ýazdylar.
Hormatly Prezidentimiz: “Meteorologlaryň seljeriş işleri halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin diýen ýaly wajypdyr” diýip, türkmen meteorologlarynyň öňünde gaýragoýulmasyz meseleleri goýdy. Şu jümlelerden ugur alýan 2010-njy ýylyň mart aýynda Magtymguly adyndaky TDU-da açylan Gidrometeorologiýa kafedrasynyň professor mugallymlary her ýyl birnäçe meteorolog hünärmenleri taýýarlaýar. Olar okuw döwründe dersi özleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugyna ugradylýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylda ulanylmaga beren geografiýa fakultetimiziň täze binasynda talyp ýaşlara düýpli, häzirki zaman döwrebap ylym-bilim bermek, zehinli ýaşlary, hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek üçin hemme şertler bilen üpjün edilendigine çäksiz guwanýarys! Biz geljekki meteorologiýa hünärmenleri üçin okamaga, döretmäge şeýle ýokary derejede mümkinçilikleri döredip berenligi üçin mähriban Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris!
Ýetip gelen Bütindünýä meteorologiýa güniniň 70 ýyllygy (23.03.1950 ýyl) bilen Gahryman Arkadagymyzy, bütin türkmen halkymy mähirli gutlaýaryn! Goý, jana ýakymly, şypaly türkmen howasy dowamat dowam bolsun!
Baýgeldi ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.