Her ýylyň 22-nji martynda Bütindünýä suw serişdeleriniň güni giňden bellenilýär. Bütindünýä suw serişdeleriniň güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1993-nji ýylda yglan edildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen döwletler bu gün suw baýlyklaryny gorap saklamaga we ösdürmäge bagyşlanan çäreleri, konferensiýalary, tegelek stollary, seminarlary we sergileri geçirmäge çagyrylýar.
Şeýle halkara gününiň yglan edilmeginiň düýp maksady suw ýetmezçiliginiň öňüni almak we süýji suw çeşmeleriniň ähmiýetini görkezmekden ybaratdyr. Bütindünýä suw serişdeleriniň güni, şeýle hem, BMG-niň durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njy maksady bolan “Arassa suw we arassaçylyk” atly maksadynyň durmuşa geçirilmegine hem ýardam berýär. 2003-nji ýylda BMG-ň Baş Assambleýanyň karary bilen 2005-2015-nji ýyllary, 2005-nji ýylyň martyndan başlap “Durmuş üçin suw” hereketiniň halkara onýyllygy diýip yglan edildi.
Her damjasy zere deňelýän suwy halkymyz gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, oňa egsilmez sarpa goýup gelýär. Pederlerimiz suwuň bisarpa ulanylmagyna, idelmän harlanylmagyna ýol bermändirler. Mele toprakdan ýokary hasyl almagyň ýollaryny jepakeş pederlerimizden miras alan nesiller derde derman suwdan gidrotehniki esaslarda netijeli peýdalanýarlar.
Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi nazarlaýan ajaýyp başlangyçlaryny durmuşa geçirmek baradaky görkezmelerinden ugur alnyp, täze belentlikleri eýeleýän suw hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň hemme ulgamyna berk gatnaşykda ösdürilýär. Bu pudak Diýarymyzda bar bolan suw baýlyklaryny, ähli derýalary, suw howdanlaryny we akabalary, etrabara, şonuň ýaly-da hojalygara suwaryş hem-de şor suw akabalaryny, olardaky sazlaýjy desgalary, şeýle hem suw süýjediji abzallary özünde jemleýär.
Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamakda, damjalaýyn suwaryş usulyny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, suwuň bisarpa ulanylmagyny aradan aýyrmakda, şeýle hem ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmakda, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň alyp barýan suw diplomatiýasy dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. Bu ugurdaky wajyp maksatlar suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, suw serişdelerini sazlaşykly dolandyrmakdan we ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Bahar Haýdarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.