Her ýylyň 21-nji martynda bütin dünýäde Halkara tokaýlar güni ýa-da tokaýlary goramagyň bütindünýä güni bellenillýär. Bu baýramçylyk 1971-nji ýylda döredildi. Şol ýyl geçirilen Baş Assambleýanyň 23-nji mejlisinde Ýewropanyň oba hojalygy konfederasiýasy tokaýlaryň gününi döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu başlangyç BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan goldanyldy.
2012-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýylyň 21-nji dekabrynda kabul eden № 67/200 belgili Kararnamasy esasynda 21-nji mart Halkara tokaýlar güni hökmünde bellenildi. Bu şanly senäniň bellenmegi tokaýlary goramagyň ähmiýeti barada jemgyýete habar bermek we olaryň ähmiýetine düşündirmekden ybaratdyr. Her ýyl bu şanly sene dürli mowzuk esasynda bellenýär.
Tokaýlary gorap saklamak meselesi häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary üçin iň möhüm daşky gurşaw meseleleriniň biridir. Soňky ýyllarda Ýer şarynda tokaýlarynyň ýok edilmegi bilen baglanyşykly wakalar diňe bir ekologlaryň arasynda däl, eýsem tutuş halkara jemgyýetçiliginde-de alada döretdi.
Häzirki wagtda planetadaky tokaýlaryň umumy meýdany takmynan 38 million inedördül kilometre deňdir, şolardan 13% -i goralýan tebigy ýerlere degişlidir.
Tokaýlar planetamyzyň öýkenidir, bahasyna ýetip bolmajak ekologik, durmuş we ykdysady ähmiýete eýedir – planetanyň howasyny emele getirmäge gatnaşýar, kislorod berýär, zyýanly zyňyndylary gaýtadan işleýär, suw baýlyklaryny tygşytlaýar, köp ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýan ýeri, iýmit we adamlar üçin sagdyn gurşaw, topragyň hasyllylygyny we landşaftlaryny goramaga kömek edýär.
Türkmenistan döwletimiz halkara ähmiýetli täze başlangyçlary öňe sürmek bilen birlikde, milli derejede ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalary amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda uly tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Tokaý-seýilgäh zolaklaryny, ýaşyl gorag zolaklaryny döretmek, zerur bolan ösümlikleriň tohumlaryny taýýarlamak we nahallaryny ýetişdirmek, tokaýlary tükellemek, barlamak işlerini geçirmek arkaly tebigy mirasy aýawly saklamak hem-de artdyrmak baradaky maksatnama durmuşa geçirilýär.
Haldurdy Abdyrahmanow, TOHU-nyñ talyby.