Her ýylyň 18-nji oktýabrynda bütin dünýä ýüzünde galstuk güni bellenilýär. Erkekleriň gündelik durmuşynda, işde, toý-dabaralarda ulanýan naýbaşy bezegleriniň biri-de galstukdyr. Maglumatlara görä, moda taryhçylary galstugyň gelip çykyşyny has irki döwür medeniýetine degişli edýärler. Irki galstuk nyşanlaryny hytaýly hem-de rimli esgerleriň heýkeltaraşlyk we surat eserlerinde görmek bolýar. “Galstuk” sözi golland we nemes sözi bolan “halstuch” diýen sözden gelip çykypdyr. Gadymy wagtda galstuk esasan hem Fransiýada meşhur bolupdyr. Fransuz koroly Lýudowik XIII-niň ýurdy dolandyran döwründe bu meşhur boýunbag has-da köp ulanylypdyr. Soňra ol kem-kemden Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna ýaýrapdyr. Şeýle-de ol Angliýada hem uly gyzyklanma bilen ulanylyp başlanypdyr.
Wagtyň geçmegi bilen köp ýurtlarda galstuk dakynmak dessura, adata öwrülip başlapdyr. Dürli döwürlerde onuň uzynlygy we ini, nagyşlary, reňki üýtgeşmelere eýe bolýar. Şeýle-de onuň baglanyş aýratynlygynda hem üýtgeşmeleriň girizilmegi dowam etdirilýär. Ýewropa ýurtlaryndan Horwatiýa bu güne aýratyn hormat goýýar we uludan belleýär. Bu ýerde ol 2003-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Bu ýurtda jahankeşdeler we ýerli ýaşaýjylar mejlisiň öňündäki meýdançada milli eşikdäki esgerleriň baýram mynasybetli harby dessurlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik alýarlar.
Ýene-de bir bellemeli zat, bu baýram sosial ulgamda hem bellenýär, ýagny galstugy baglamagyň ussatlygy boýunça dürli bäsleşikler, baglamagyň ýörite sapaklary gurnalýar. Dünýä ýüzünde galstugyň dürli görnüşli we täsin biçüwdäki görnüşlerine duşmak bolýar. Mysal üçin, hindi dizaýneri tarapyndan döredilen galstuk gymmatbaha göwher daşlary bilen bezelip, ol iň gymmat bahaly galstuk hökmünde bilinýär. Şeýle-de 2014-nji ýylda Horwatiýada döredilen reňk üýtgedýän galstuk özüniň täsinligi we owadanlygy bilen tapawutlanýar.
Gün-günden dünýäniň dürli künjeklerinde uly islege eýe bolýan meşhur galstuk özüniň köpgörnüşliligini hem-de täsin biçüwli bolmagyny dowam etdirýär.
Guwanç Annasaparow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň öwreniji mugallymy