Her ýylyň 15-nji dekabrynda dünýäde öňdebaryjy çaý öndürijileriniň statusyny saklaýan ähli ýurtlarda çaý güni bellenilýär. Bu günüň esasy maksady, hökümetiň we raýatlaryň ünsüni çaý satmak we çaý işçileri, kiçi öndürijiler we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklara çekmek. Elbetde, bu içginiň meşhurlygy.Bu baýramçylygy 15-nji dekabrda bellemek karary köp halkara guramalarynda we kärdeşler arkalaşyklarynda, 2004-nji ýylda Mumbaýda, 2005-nji ýylda Port Allerge Bütindünýä sosial Formunda birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşylandan soň kabul edildi. Hut şu gün 1773-nji ýylda Bütindünýä çaý işgärleriniň hukuklarynyň jarnamasy kabul edildi. Şoňa laýyklykda çaý güni, esasan, çaý öndürmek bilen meşgullanýan ýerlerden biri bolan Hindistan, Şri-Lanka,Bangladeş, Nepel, Hytaý, Wýetnam, Indoneziýa, Keniýa, Malaziýa, Uganda, Tanzaniýa ýurtlary tarapyndan bellenilýär. Çaý içgi hökmünde Hytaýyň ikinji imperatory Şen Nung tarapyndan takmynan 2737-nji ýylda imperator çaý agajynyň ýapraklaryny bir käse gyzgyn suwa batyranda ýüze çykarylypdyr. Şondan soň Hytaýda dermanlyk içgi hökmünde çaýa bolan gyzyklanma artýar we şonuň üçin hem çaý ösdürip ýetişdirmek prosesi ösýär. Ýewropada we Russiýada çaý XVII asyryň birinji ýarymyndan bäri belli boldy. Häzirki zaman çaý taryhynyň iň meşhur wakalarynyň biri, 1773-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Amerikaly kolonizatorlar Angliýanyň çaý salgytlaryna garşy çykmak üçin Boston gämi duralgasyna çaý sandyklaryny atan Boston çaý oturlyşygydyr. Häzirki wagtda çaý söýüjileriň köpüsi, çaý ýapraklaryndan başga-da, halaýan içgisine dürli otlary zenjebil ýaly ysly zatlary ýa-da pyrtykal dilimlerini goşýarlar. Käbir halklar süýt bilen çaý içýärler… Köp ýurtda öz çaý içmek däpleri bar, ýöne bir zat hemişe çaý dünýädäki iň söýgüli içgileriň biri bolmagyny dowam edyär.
Güljan Törekulyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şu gün Aýsoltan Toýçyýewa çykyş eder