Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki ýurtlaryň arasynda söwda we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sebitde pandemiýadan soňky dikeldiş we durnuklylygy ara alyp maslahatlaşmak üçin 11-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumyna başlaýar. Bäş gün dowam etjek bu wirtual çärede Merkezi Aziýadan, ABŞ-dan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan 80-den gowrak meşhur spiker çykyş ederler we 42 ýurtdan 3500 gatnaşyjy bolar.
Bu ýyl“Pandemiýadan soň sebitleýin hyzmatdaşlygyň üsti bilen dikeliş döwri” atly geçiriljek forum söwda tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin işewür wekilleri, hökümet işgärleri we syýasatçylary, pudak kompaniýalaryny, sebit we beýleki ýurtlaryň hünärmenlerini birleşdirer we pandemiýadan soňky söwda tendensiýalary, COVID-19 ýagdaýynda söwda we syýahatçylygy dikeltmek, Merkezi Aziýada suw howpsuzlygy, Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýum mümkinçilikleri we beýleki gyzykly temalary ara alyp maslahatlaşarlar.
ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçisiniň orunbasary hanym Judi Kwo gutlag çykyşynda: “2011-nji ýylda Bişkekde geçirilen ilkinji Merkezi Aziýa söwda forumy hyzmatdaşlygyň, pikir alyşmagyň we halkara söwdasynyň gülläp ösmeginiň açarydygyna esaslandy. Sebit ýurtlarynyň prezidentleriniň häzirki döwrüň kynçylyklaryny ýeňip geçmegiň iň oňat usuly bolan, özara peýdaly sebit hyzmatdaşlygynyň pikirini goldaýandyklaryny nygtap geçmek bizi begendirýär” diýip, belläp geçdi.
Bu ýyl geçirilýän Forum ABŞ-nyň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Bu döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlary parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, demokratik özgertmeleri, ykdysady ösüşi we ynsanperwerlik kömegini üpjün etmek üçin 9 milliard dollardan gowrak goldaw berdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň sebit strategiýalary netijesinde, sebit ýurtlary has bäsdeşlige ukyply bolmagy, köp ugurly ykdysadyýetiň ösüşini höweslendirmegi we sebitde gülläp ösmegi başardylar.
USAID-iň bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasy – Türkmen Logistika Assosiýasiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Global Sowuklandyrjy Alýansy (GCCA), Bütindünýä Bank Topary (WTG), Halkara Maliýe Korporasiýasy (IFC), Ulag we logistika ulgamyndaky aýallar (WiLAT), Logistika we Ulag Patyşalygynyň Instituty (CILT), Halkara ýol ulaglary bileleşigi (IRU), Halkara söwda merkezi (ITC), CERT akademiýasy, “QazTrade”, Gazagystan Organiki oba hojalygy hereketleri federasiýasy KAZFOAM, Logistika we ulag boýunça ýaş hünärmenler jemgyýeti (Next Generation Central Asia) guramalary bilen bilelikde forumyň guramaçysy bolup durýar. Mediýa hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen: “Asia Hikes” gollanma portaly, Ashgabat.in, Gazagystanyň metbugat kluby, “WideOyster” žurnaly, gazagystanyň startap hem-de işewürlik boýunça web-sahypasy “Steppe”, “Discover Kyrgyzstan”, “Kazakh Tourism”, “Travel Tajikistan”, “Uzbekistan Travel”, Ekolog.uz, Kapital.kz, Profit.kz hem-de “Kazakh Travel International” syýahatçylyk gullugy.
Soňky on ýylyň dowamynda USAID-iň Merkezi Aziýa söwda forumy sebitde durnukly ykdysady ösüşi höweslendirmek we çaltlaşdyrmak üçin has uly sebit hyzmatdaşlygyny we hyzmatdaşlygy teklip etdi. Forum, söwda we ykdysady taýdan gülläp ösmegi çäklendirýän meseleleri kesgitlemek, pikir we çözgüt alyşmak, işewür gatnaşyklary gurmak we iş alyp barmak üçin 30-dan gowrak ýurtdan 10 000-den gowrak gatnaşyjy ýygnady.