BILIM

1-nji sentýabrda Aşgabatda ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi işläp başlar

Täze, 2020-2021-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda Aşgabatda ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylmagyna garaşylýar .

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň Hoja Ahmet Ýasawy we A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň hem-de 320 orunlyk çagalar bagynyň gurulmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli tabşyrygyna laýyklykda ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň 9-njy awgustynda milletiň Lideri Balkan welaýatyna iş saparyna gitmek üçin Halkara howa menziline ugranda, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlapdy. Şonda döwlet Baştutany 21-nji orta mekdebiň köne binada ýerleşýändigini aýtdy we bu bilim ojagy üçin täze, häzirki wagtda halkara derejä çykýan Türkmenistanyň bilim ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän täze binalaryň gurulmagyny üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şol tabşyryklaryndan ugur alnyp açyljak täze 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi umumybilim berýän orta mekdebi hem-de çagalar bagyny öz içine alýar. Bu mekdepde ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny giňişleýin ösdürmek maksady bilen, irki ýaşdan başlap, olara umumybilim almaga oňaýly şert döretmek, okuw, taslama, gözleg, döredijilik iş görnüşlerini sazlaşdyrmak arkaly özbaşdak işlemek hem-de pikirlenmek endiklerini ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim-terbiýäniň mekdep bilimi bilen arabaglanyşygyny berkitmäge uly ähmiýet berildi.

Oňyn dünýä tejribesi öwrenilip, Türkmenistanda ilkinji gezek döredilýän bilim bermegiň täze milli görnüşinde çuňlaşdyrylan umumybilim maksatnamasy boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň esasynda mekdebe taýýarlaýyş toparyndan başlap, ähli dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler. Sazçylyk, çeperçilik, sport, tehniki konstruktorçylyk we beýleki dürli görnüşli döredijilik işleri ýaýbaňlandyrylar. Şeýle-de okuwçylaryň daşary ýurt dillerini has-da çuňňur öwrenmeklerini gazanmak üçin, okuw meýilnamasynyň esasynda käbir dersleri iňlis dilinde okatmak göz öňünde tutulýar.

Täze, 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň taýýarlaýyş toparyna 5 ýaşly, orta mekdep bölüminiň 1-nji synpyna 6 ýaşly körpeleri, şeýle hem orta mekdeplerden isleg bildirýän okuwçylary 2-nji synpdan başlap söhbetdeşlik esasynda saýlap almak göz öňünde tutulýar. Mekdebe taýýarlaýyşda ata-eneleriň isleglerine görä, günortana çenli, şeýle hem uzaldylan günli toparlar hereket eder.

21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi öz işini tölegli esasda alyp barar.

Täze mekdep öz gapylaryny giňden açýar!

Mekdebe okuwa ýazylmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 23-80-23, 23-80-70.

Ýene-de okaň

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunçä bäsleşik geçirildi

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýokary bilim hakyndaky diplomlary özara ykrar ederler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy