DÜNÝÄ

ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary guralar

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer  Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hasabat berdi.

Bu ugurda käbir teklipler beýan edildi.

  • Şoňa laýyklykda, Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de giňeltmek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak göz öňünde tutulýar.

Related posts

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk

Türkiýe Russiýadan satyn alýan gazyny rublda tölär

Iň köp kitap satylan hepdesi yglan edildi

Ata Watan Eserleri