JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Angliýa ýeňiş gazanyp bilmedi

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty doam edýär. Düýn “D” hem-de “E” toparlarynda nobatdaky duşuşyklar geçirildi.

“D” TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY

“D” toparynda Angliýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary London şäherinde duşuşdylar. Duşuykda hasap açylmady.

Bu toparyň beýleki duşuşygynda bolsa Horwatiýanyň milli ýygyndysy bilen Çehiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň gutardy. Çehiýanyň düzüminde duşuşygyň 37-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan Peter Şik tapawutlandy. Horwatiýadan bolsa 47-nji minutda Perisiç tapawutlandy.

Şeýlelikde, “D” toparynda Angliýanyň we Çehiýanyň 4 utugy, Horwatiýanyň we Şotlandiýanyň 1 utugy bar. 

“E” TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY

Bu toparda Şwesiýanyň ýygyndysy Slowakiýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Forsberg oýnuň 77-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

 

Gyrgyzystan türkmen tebigy gazy bilen gyzyklanýar

Related posts

Türkmenistanda 356 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçildi

Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýada geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy

Ata Watan Eserleri