JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguza ilkinji sapary

Şu gün — 26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý sapary başlandy. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi garşylady. Bu ýerde welaýatyň aýdym-saz we tans toparlary joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwletli tutumlaryny wasp edýän hoş owazlar belentden ýaňlandy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demirgazyk sebitine amala aşyrýan toý saparynyň ilkinji gününde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna baryp, ol ýerde halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy we geljek ýyllarda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan elektroenergetika pudagyna degişli taslamalar bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna dikuçarda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamyny synlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Görogly etrabynda düýedarçylyk bilen meşgullanýan çopan goşuna baryp, bu ýerde düýelere ideg edilişi barada gyzyklandy we çaý başynda düýe çopany bilen söhbetdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Diýarymyzyň demirgazyk sebitine amala aşyrýan ilkinji toý sapary dowam edýär.

 

Festiwala gatnaşyjylara söz berýäris

Related posts

Türkmenistan-Italiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

Türkmenistanyň Prezidenti 1574 megawatlyk elektrik stansiýasynyň düýbüni tutdy

Ata Watan Eserleri

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri