JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde ilkinji halkara media forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri