JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa we ýurduň ähli halkyna ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli dialogy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň 16-njy sammitinde çykyş etdi

Futbolda 5 oýunçy çalyşmak düzgüni

Türkmenistanyň Prezidentine «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» derejesi berildi