DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurar

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we diplomatik wekilhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1996-njy ýylyň 27-nji noýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda berlen ýer bölegini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasyna öz işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak barada “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Related posts

IMF, EBRD ve Dünya Bankası temsilcileri atandı

vepa

Türkmenistan bilen Täjigistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Türkmen-saud energetika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Leave a Comment