JEMGYÝET

Türkmenistan-Hytaý: Ylmy-barlag merkezini döreder

Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda Ýüpek ýolunyň arheologiki barlaglary boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hususan-da bu ugurda Ylmy-barlag merkeziniň döredilmeginiň ähmiýeti barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde şeýle hem doganlyk şäherleriň gatnaşyklaryny giňeltmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere seredildi.

 

Taryhda şu gün: 16-njy iýun

Related posts

Aşkabat’ta İran Kültür Günleri

vepa

Türkiye Büyükelçiliği 24 Ağustos’ta öğrenci vizesini veriyor

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti üçin Astana bardy