DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti 3 ýurtda resmi saparda bolar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 10-13-nji fewral aralygynda Malaýziýa, Indoneziýa we Pakistana resmi sapar gurar.

Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň Diwanynyň Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy Fahrettin Altun habar berdi.

Onuň bellemegine görä, ýakynda amala aşyryljak saparlarda Türkiýäniň bu ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny we belli taslamalar arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

“Hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşymyz bolan Malaýziýa saparyndan soň, Prezidenti Ärdogan Indoneziýadaky we Pakistandaky kärdeşleri bilen Strategik hyzmatdaşlyk boýunça ýokary geňeşiň mejlislerine başlyklyk eder. Saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen resminamalaryň toplumyna gol çekiler we işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär” -diýip, Fahrettin Altun belledi.

Related posts

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Dünýä 2023-nji ýyly garşy aldy: pandemiýa we çäklendirmesiz ilkinji Täze ýyl feýerwerki

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi