SPORT

Türk futbolçy “Barselona” toparyna geçmekçi

Asly türk germaniýaly futbolçy Ilkaý Gündoganyň Ispaniýanyň “Barselona” toparyna geçjekdigi mälim edildi. Onuň häzirki wagtda düzüminde çykyş edýän Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen şertnamasy tamamlanýar.

Möwsümiň tamamlanmagy bilen Gündogan erkin futbolçy bolar. Şunuň bilen baglylykda, onuň ispan toparyna geçjekdigi we topar bilen şertnama baglaşmaga taýýardygy aýdyldy.

32 ýaşyndaky futbolçy bilen ispan topary hem gyzyklanýar. “Barselona” topary bilen 2+1 ýyl şertnama baglaşjakdygy hem-de salgytlar hasaba alynmazdan  ýylda 12 million ýewro girdeji gazanjakdygy mälim edildi.

Türk futbolçy 2016-njy ýyldan bäri “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýär.

Related posts

Türkmenistan bilen World Tennis hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny kesgitlediler

AFK-nyň çempionlar ligasy: “Ahal” topary “Pahtakory” kabul eder

Ata Watan Eserleri

Türkiýe, Ispaniýa we Şotlandiýa Ýewropa çempionatyna gatnaşar

Leave a Comment