JEMGYÝET

Sanly sowgat kartlary dörediler

«Twitch» kompaniýasy söwda nokatlarynda harytlary satyn almak üçin ulanyp boljak resmi sowgat kartlaryny satýandygyny yglan etdi. Mugt hyzmat bolandygyna garamazdan, «Twitch» birnäçe amatly hyzmatlary hödürleýär, şol sanda ulanyjylar bu karty teleýaýlymlara, gazet-žurnallara abuna ýazylmak ýaly hyzmatlarda hem ulanyp bilerler

Kartlar dürli bahada satylyp, olaryň bahasy 25, 50, 100 we 200 amerikan dollara barabar bolar. Häzirki wagtda ulanyjylar kartlary diňe sanly görnüşde alyp bilerler. Ýöne kompaniýanyň bildiriş blogyna görä, kartlar «Best Buy» we «GameStop» – da ýakyn wagtda elýeterli bolar. Olar häzirlikçe diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylary üçin elýeterli bolar, ýöne ýakyn wagtda beýleki ýurtlarda hem hödürlener.

Related posts

“Arkadag” futbol klubyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtobus sowgat edildi

Fransuz çöregi bilen Ginnesiň rekordy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasy bilen gepleşikleri geçirdi