MEDENIÝET

Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistana gelerler

Russiýanyň döwlet sirki, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirki hem-de Reňkli bulwardaky Nikulin adyndaky Moskwa sirkiniň artistleri Türkmenistana geler.

Russiýanyň sirk ussatlary bu gezek diňe bir Aşgabat şäherinde däl, eýsem ýurduň beýleki welaýatlarynda-da öz çykyşlaryny görkezerler. Ildeşlerimiziň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, medeniýetli dynç almaklary üçin görkeziljek sirk oýunlarynyň aşakdaky tertipde görkezilmegi meýilleşdirilýär:

  • 10-njy iýuldan 7-nji awgusta çenli Türkmenistanyň Döwlet sirkinde;
  • 9-njy awgustdan 18-nji awgusta çenli Daşoguz welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda;
  • 22-nji awgustdan 31-nji awgusta çenli Lebap welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda;
  • 3-nji sentýabrdan 12-nji sentýabra çenli Mary welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda;
  • 15-nji sentýabrdan 24-nji sentýabra çenli Balkan welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda.

Russiýanyň sirk ussatlary Türkmenistanda rus sirkiniň altyn gaznasyna giren oýunlary, üýtgeşik çykyşlary ýerine ýetirerler.

Giriş petekleri her gün sagat 10:00-dan 19:00-a çenli Döwlet sirkiniň kassasynda satylýar.

 

Related posts

Ranbir we Karina Kapurlar Özbegistanda festiwala gatnaşarlar

Ýaşlar guramasy we TurkmenGazet.com internet saýty bäsleşik geçirýär

Ata Watan Eserleri

Sowuk howada ýüzümize ideg etmek      

Leave a Comment