SPORT

Ronaldo Messiniň üstünligine ýetdi

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň dünýä belli hüjümçisi Kriştiano Ronaldo 2007/2008-nji ýylyň möwsüminden başlap, 10-njy gezek bir ýaryşda 25-den gowrak gol geçirmegi başardy. Bu barada “Tuttosport” neşiri habar berýär.

Bu üstünlik Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi, Ronaldonyň esasy bäsdeşi Lionel Messä degişlidi. Şeýlelikde, Ronaldo hem Messiniň üstünligini gaýtalanmagy başardy.

Ronaldo Italiýanyň milli çempionatynyň 31-nji tapgyrynda “Milan” bilen geçirilen duşuşykda bir gezek tapawutlandy. Bu duşuşykda “Milan” topary “Ýuwentusy” 4:2 hasabynda ýeňdi. “Milan” topary iň soňky gezek “Ýuwentus” toparyny 1989-njy ýylda 4:0 hasabynda utupdy.

Bu duşuşykda geçiren goly bilen Ronaldo pökgileriniň sany 26-a ýetdi. Ronaldo 39 duşuşyk geçirip, ähli ýaryşlardaky gollarynyň sany 30-a deň boldy.

Related posts

Şertnamalarynyň möhleti 2025-nji ýylda tamamlanýan iň gymmatly futbolçylar – Messi, Ronaldo, Neýmar we başgalar

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri

97 ýyldan soňra ýeňiş gazandy