BIZNES

Özbegistan Türkmenistandan 4 mlrd kwt/s elektrik energiýasy satyn alar

Mälim bolşy ýaly, golaýda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanda resmi saparda boldy. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki törkmen-özbek gepleşikleriniň netijesinde ençeme möhüm ylalaşyklara gol çekildi. Şol ylalaşyklaryň biri hem elektrik energetika ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyk boldy.

Bu resminama laýyklykda, Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow belläp geçdi.

Onuň aýtmagyna görä, Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistan saparynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyldy. Şoňa görä-de, Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny satyn alar.

Related posts

“Cash back” hyzmatyny ulanmak – gaýtargyňy artygy bilen yzyna almak

vepa

Özbegistan türkmen gazyny alýar

Maaşlara yüzde 10 zam yapılacak

vepa

Leave a Comment