MEDENIÝET

Nikol Kidmanyň täze taslamasy

Awstraliýaly 53 ýaşly aktrisa Nikol Kidman, Endrýu Bowelliň drama eseri esasynda surata düşüriljek “Bu zatlaryň hakykatdygyny bilýärin” dramasynda baş keşbi janlandyrjakdygyny mälim etdi. Kidman täze drama bilen “Amazon” ekranlaryna dolanmaga taýýarlanýar.

Endrýu Bowelliň pýesasyna esaslanyp, filmde uly ýaşly çagalarynyň garaşylmadyk kararlary bilen durmuşy üýtgedilen Bob we Fran Praýsyň hekaýasy barada gürrüň berilýär.

“Hollywood Reporter” bilen söhbetdeş bolan Kidman: “Sidneýdäki teatrda Endrýu oýnuna keşp janlandyrmak we tomaşa etmek meniň üçin ýatdan çykmajak tejribe bolar. “Amazonyň” ynamy bilen, Jennifer Salke (Amazon studiýalarynyň başlygy) we adatdan daşary önümçilik topary bilen, munuň amala aşmagyna uly umyt baglaýarys “-diýdi.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Related posts

Rus sahna ussatlarynyň Türkmenistana saparyna garaşylýar

Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden belleniler

Ata Watan Eserleri

Burak Özçiwit Kristiano Ronaldo bilen duşuşdy