BIZNES

NEXI agentligi Türkmenistandaky taslamalara maliýe goldawyny berer

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär.

Duşuşykda taraplar maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap geçdiler we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin dürli maliýe guramalaryny goşmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga  we giňeltmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

Afgan yükleri Lapis Lazuli koridoru ile Azerbaycan’a ulaştı

vepa

Dubaý näme üçin baý şäher?

vepa

Hytaý Türkmenistana buraw turbalaryny iberer

Leave a Comment