SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Mekdepde gorag çäreleri

Tailandyň paýtagty Bangkokdaky «Wat Klong Toey» başlangyç bilim mekdebinde koronowirus sebäpli mart aýynda ýatyrylan okuwa täzeden badalga berildi.

Geçen aýda bu ýerde başlangyç bilim alýan 250 okuwçy üçin degişli çäreler geçirildi. Şol çäreleriň özenini bolsa okuwçylaryň biri-biri bilen bellenen aralyklarda bolmagydyr. Munup üçin olaryň oturjak ýerleri hem ýörite enjamlaşdyryldy. Şeýle hem okuwçylardan örtük dakynmak talap edilýär.

Mekdebiň oýun meýdançalary bolsa täzeden işlenip düzüldi. Olar daşyna polietilen örtülen öýjükleriň içinde oýnarlar. Aralary açyk öýjükleriň her birine bir çaga sygýar.

Şeýle öňüni alyş çärelerini tutuş mekdepde geçirmek üçin işler alnyp barylýar.    

Related posts

COVID-19 barada biz nämeleri bilýäris?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Koronawirus sanjymlaryň bahasy gymmatlady

Günden goranmak möhümdir!