BILIM

Ilon Mask Tehasda uniwersitet açmakçy

Amerikaly milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň Tehas ştatynda uniwersitet, şeýle hem başlangyç we orta mekdepden ybarat bilim ojagyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Blumberg” habarlar gullugy habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, ilki bilen inženerçilik, matematika, tebigy ylymlar we beýleki dersleriň çuňlaşdyrylyp öwrediljek mekdep açylar. Oňa birinji synpa 50 adam alnar.

Mask Ostin şäherinde başlangyç we orta mekdebi döretmek üçin özüniň haýyr-sahawat gaznasyna 100 million dollar gönükdiripdir.

Soňra degişli akkreditasiýany alyp, uniwersitet açmagy meýilleşdirýär.

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan “Tesla” kompaniýasynyň merkezi Ostin şäherinde ýerleşýär.

Related posts

Stanfordly türkmen dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň birine eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Albert Eýnşteýniñ ylmy çaklamasy barlandy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Lebap welaýatynda täze mekdep ulanmaga berildi