DÜNÝÄ

Ak Tamda işlän diplomat ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçiligine hödürlendi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp William (Wil) Makaneoleni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürledi.

Bu barada 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Ak Tamyň resmi internet sahypasynda habar berildi.

William Makaneole kim?

William Makaneole ABŞ-nyň Gawaýi ştatyndan bolan tejribeli diplomatdyr. Ol Gawaýi ştatynyň Kahuku diýen ýerinde önüp-ösüpdir. Harby gullukçynyň maşgalasynda ulalan Makaneole çagalyk ýyllarynyň bir bölegini daşary ýurtlarda geçiripdir.

William Makaneole 2001-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Diplomatik howpsuzlyk gullugynda işe başlapdyr. Şondan bäri diplomatiýa, milli howpsuzlyk we halkara gatnaşyklar ugurlarynda dürli wezipelerde işläpdir.

Ak tamda iki prezidentiň döwründe işläpdir

William Makaneoleniň Ak tamda Prezident Donald Trampyň hem-de Prezident Jo Baýdeniň dolandyryş döwürlerinde halkara terrorçylyk howplary bilen bagly meseleler boýunça direktor wezipesini ýerine ýetiripdir.

Şeýle hem ol ABŞ-nyň Goranmak ministrliginde we Döwlet departamentiniň dürli diplomatik wezipelerinde iş tejribesini toplapdyr.

Makaneole diplomatik howpsuzlyk, halkara hyzmatdaşlyk we milli howpsuzlyk meseleleri boýunça köpýyllyk tejribä eýedir.

Ilçi wezipesine bellenmegi üçin Senatyň tassyklamagy zerur

William Makaneoleniň Türkmenistanyň ilçisi wezipesine hödürlenmegi onuň resmi taýdan bellenendigini aňlatmaýar.

ABŞ-nyň kanunçylygyna laýyklykda, onuň dalaşgärligi Senat tarapyndan tassyklanmalydyr. Häzirki wagtda bu mesele Senatyň garamagynda durýar.

Dalaşgärligi tassyklanan ýagdaýynda, William Makaneole ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenip biler.

Related posts

Russiýa Türkmenistana täze söwda wekilini belledi

Pakistanda «Miýawiki» tokaýlary döreýär  

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy