DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidentiniň Hytaýa döwlet sapary: 22 milliardlyk 47 ylalaşyk gazanyldy

Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bu sapary örän netijeli tamamlandy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesi boýunça umumy bahasy 22 milliard dollara barabar bolan 47 resminama gol çekildi.

Häzirki wagtda gazak bazarynda Hytaýyň CNPC, CITIC, NFC, “Sinopec”, “Huawei” ýaly öňdebaryjy kompaniýalary iş alyp barýar.

Geçen ýyl iki ýurduň arasynda özara söwdanyň möçberi 31 milliard dolardan geçdi.

Saparyň çäklerinde taraplar ulag, oba hojalygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni we bilim ulgamyndaky gatnaşyklar, doganlaşan gatnaşyklary döretmek boýunça ençeme ylalaşyklar gazanyldy.

Related posts

Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistan-Hindistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment