BIZNES

“Forbes”: Ilon Mask birinjiligini ýitirdi

Amerikaly işewür we milliarder Ilon Mask dünýäniň iň baý işewürleriniň sanawynda birinjilik ornuny ýitirdi. Sanawda birinji orny Fransiýanyň “LVMH” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bernar Arno we onuň maşgalasy eýeledi. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, Ilon Maksyň baýlygy 184.6 milliard dollara deňdir. Arno we onuň maşgala agzalarynyň baýlygy bolsa, 185.1 milliard dollara barabara boldy.
Fransiýanyň “LVMH” kompaniýasy dürli kaşaň önümleri bilen meşhurdyr. Kompaniýa “Louis Vuitton”, “Givenchy”, “Guerlain”, “Kenzo”, “Moet & Chandon”, “Hennessy” ýaly brendleri bilen tanalýar. Kompaniýanyň merkezi binasy Pariž şäherinde ýerleşýär.
Amerikanyň meşhur milliarderi Jef Bezos hem sanawda öňdäki orny eýelýär. Ol hem öz emläginiň uly bölegini haýyr-sahawat işlerine gönükdirmegi meýilleşdirýär.

Related posts

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň onlaýn mejlisi

Türkmenistanda 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ile Azerbaycan 20’den fazla anlaşma imzaladı

vepa

Leave a Comment