TEHNOLOGIÝA

Dünýädäki iň kiçi telefon

Dünýädäki iň kiçi 4G telefon “Jelly 2” ady bilen tanyşdyryldy. Bu telefon “Android 10” ulgamy bilen işläp, 4G ulgamy birikdirilendir. Bu telefon “Unihertz”-iň ilkinji telefonydyr. Ýöne ol ilkinji mini telefonyny 2017-nji ýylda “Jelly” ady bilen döretdi. Ýöne onuň klawiaturasy we batareýa ulgamy pes hilli bolup, satuwa çykarylmady. Emma indi “Jelly 2” bularyň hemmesini düzetdi. Onuň ekranynyň göwrümi 3 dýuým 480×854-e barabar. Onuň içki ýady 128 GB barabar bolup, telefonyň bahasy 129 amerikan dollardyr. Bu häzirki wagtda ulanylýan sensor telefonlaryň içinde “dünýädäki iň kiçi 4G telefony” adyna eýe boldy.

Related posts

“Ata Watan Media” topary Stiw Jobsuň öýüne baryp gördi

Türki döwletleriň emeli hemrasy 2027-nji ýylda uçurylar

“Türkmentelekom”: internet nyrhlary arzanladylýar

Ata Watan Eserleri