Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Ýeňiş güni we Döwlet baýdagy güni mynasybetli Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi.
Çärede çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow Ýeňiş gününiň Azerbaýjanyň döwlet özygtyýarlylygynyň we çäk bitewüliginiň dikeldilmeginiň, halkymyzyň milli erkiniň, jebisliginiň we gahrymançylygynyň dabaralanmasydygyny nygtady. Şeýle hem Döwlet Baýdagynyň Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyň, milli özboluşlylygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşanydygyny belledi.
Ilçi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, Ýeňiji Baş Serkerdebaşysy Ylham Aliýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň 44 günlük Watan urşunda taryhy Ýeňiş gazanandygyny belledi. Bu Ýeňşiň Azerbaýjan halkynyň milli jebisliginiň, sarsmaz erkiniň we adalatyň dabaralanmasydygyny aýtdy.

Ilçi, şeýle hem Azerbaýjanyň ähli özygtyýarly çäklerinde parlaýan üç reňkli Döwlet Baýdagynyň halkymyzyň garaşsyzlygynyň, milli özboluşlylygynyň we Watan urşunda gazanylan taryhy Ýeňşiň nyşanydygyny aýratyn belledi.Ilçi Azerbaýjan we türkmen halklaryny birleşdirýän umumy taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýändigini aýtdy.
Çykyşda soňky ýyllarda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary we iň ýokary derejedäki özara saparlaryň, syýasy dialogyň, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze tapgyra çykarandygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ünsi çekmek bilen, ilçi 2025-nji ýylda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, 2026-njy ýylyň iýun aýynda bolsa Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň özara medeni alyş-çalyşlara möhüm goşant goşandygyny nygtady.

Dabarada Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow hem çykyş edip, Azerbaýjan halkyny Ýeňiş güni we Döwlet baýdagy güni bilen gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi barada öz ýürekdeş pikirlerini beýan etdi.
Konsert maksatnamasynyň çäklerinde Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artistleriniň, at gazanan artistleriniň, şeýle hem tanymal sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde iki halkyň baý saz mirasyny şöhlelendirýän halk we kompozitor aýdymlary, nusgawy saz eserleri hem-de instrumental sazlar ýaňlandy.
Maksatnamada Üzeyir Hajybeýliniň, Gara Garaýewiň, Tofik Kuliýewiň, Fikret Amirowyň we Azerbaýjanyň beýleki görnükli kompozitorlarynyň eserleri, şeýle hem azerbaýjan halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Azerbaýjanyň at gazanan artisti Ilaha Efendiýewa we at gazanan mugallymy Zülfyýa Sadigowa türkmen sazandalary bilen bilelikde çykyş etdiler.

Saz eserleri Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirildi. Konsertiň çäklerinde “Baku tangosy” eseriniň ilkinji gezek ýerine ýetirilişi hem boldy.
Çärä Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri we Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.
